Ilon Mask öz-özüni okatmaga ukyply «Optimus» robotlarynyň täze neslini tanyşdyrdy

  • 03.02.2026 12:23
  • 2.4k+

Tesla kompaniýasynyň ýolbaşçysy Ilon Mask adam şekilli Optimus robotynyň üçünji nesliniň ýakyn wagtda tanyşdyryljakdygyny habar berdi. Bu barada Tesla kompaniýasynyň «Weibo» durmuş ulgamyndaky resmi sahypasynda mälim edildi.

Täze modeliň iň esasy aýratynlygy — çylşyrymly programmirleme talap etmezden, awtonom usulda gözegçilik etmek we täze endikleri öwrenmek ukyby bolar.
Maskyň aýtmagyna görä, robot adamlaryň hereketlerini yzarlap, wideoşekilleri seljerip ýa-da dilden berlen görkezmeleri kabul edip, täze başarnyklary özbaşdak özleşdirip biler.

«Bu täze endikleri adamyň hereketlerini yzarlamak arkaly öwrenmäge ukyply uniwersal robot bolar. Siz oňa bir hereketi görkezip, ony söz bilen düşündirip ýa-da wideony seretdirip bilersiňiz, ol bolsa şony ýerine ýetirer. Onuň ukyplarynyň hemmeleri haýran galdyrjakdygyna ynanýaryn» — diýip, Mask belledi.

Kompaniýanyň ýolbaşçysy Tesla-nyň bu ulgamyň gurluşyny noldan täzeden işläp düzendigini we bar bolan önümçilik zynjyrlaryna garaşly däldigini aýratyn nygtady. Mundan ozal Ilon Mask ýakyn geljekde bu robotlaryň ýyllyk önümçilik mukdarynyň 1 million birlige ýetjekdigini çaklapdy.


14.03.2026 23:33
3.9k+

Starlink interneti çaltlandyrmak üçin hemralarynyň bir bölegini Ýere has ýakyn getirdi

Ilon Maskyň Starlink kompaniýasy öz hemralary bilen aragatnaşygy gowulandyrmak üçin dürli usullary ulanýar. Soňky günlerde bu usullaryň biri hökmünde hemralar toparynyň bir bölegi Ýere golaý pes orbita geçirilýär...

10.03.2026 17:04
1.6k+

xAI-nyň täze hyzmaty teksti duýgy we äheň bilen seslendirýär

Ilon Maskyň xAI emeli aň kompaniýasy adaty teksti täsirli sözleýişe öwürýän täze guraly tanyşdyrdy. Başlangyç tapgyrda bäş sany ses elýeterli bolup, olar «Eve», «Ara», «Rex», «Sal» we «Leo» diýlip atlandyrylýar...

02.03.2026 23:27
1.7k+

Tesla Cybertruck-da sesi basmak ulgamyny işjeňleşdirýär

Tesla kompaniýasy Cybertruck elektrik pikaplarynda uzakdan işleýän programma üpjünçiliginiň täzelenmegi arkaly işjeň ses ýatyryş ulgamyny (ANC) işe girizer. Bu barada kompaniýanyň resmi web sahypasynda we öndürijiniň hyzmat resminamalarynda täzelenen enjamlaryň sanawynda yglan edildi...

19.02.2026 14:25
2.2k+

Mask aşa çalt öwrenmek aýratynlygy bolan Grok 4.2 neýroulgamynyň işe girizilendigini yglan etdi

​Ilon Mask xAI kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen uly dil modeliniň täzelenmesi bolan Grok 4.2 wersiýasynyň çykandygyny habar berdi. Neýroulgam eýýäm köpçülikleýin beta-testirleme görnüşinde ulanyjylara elýeterlidir...