Aýdan alnan topragyň seljermesi Ýerde suwuň gelip çykyşy baradaky düşünjeleri üýtgedýär

  • 30.01.2026 20:13
  • 4k+

Aý topragynyň (regolitiň) seljermesi Ýerdäki suwuň esasy böleginiň daşarky kosmosdan gelmedik bolmagynyň mümkindigini görkezdi. Şeýle netijä takmynan 50 ýyl mundan ozal “Apollo” missiýalary tarapyndan getirilen nusgalary täzeden öwrenen amerikan alymlar geldiler.

Uzak wagtlap "ýaş Ýeriň" başda gurak bolandygyna ynanylýardy. Bu nazaryýete görä, Gün ulgamynyň içki bölegindäki ýokary temperatura buzuň saklanmagyna päsgel berýärdi we planetanyň emele gelmeginiň başlangyç tapgyrlarynda bar bolan suw bugaryp gidipdi. Soňra ummanlaryň "giçki agyr bombalama" döwründe kometalar tarapyndan getirilendigi çaklanylýardy. Şeýle-de bolsa, bu çaklamanyň kynçylyklary bardy: Ýeriň suwunyň izotop düzümi kometalaryňky bilen gabat gelmeýärdi.
PNAS žurnalynda çap edilen barlagda alymlar kislorod izotoplarynyň gatnaşygyny deňeşdirip, Aý topragynyň diňe bir göteriminiň Ýerden daşarky (asteroid/kometa) gelip çykyşa eýedigini anykladylar. Gadymy döwürlerde Aýyň we Ýeriň asteroidleriň hem-de kometalaryň meňzeş zarbalaryna sezewar bolandygy sebäpli, bu maglumatlar Ýerdäki ýagdaýa hem baha bermäge mümkinçilik berýär.
Asteroid maddasynyň esasy böleginde suw ýok diýen ýaly, kometa materialy bolsa Gün ulgamynyň içki bölegine has az mukdarda gelipdir. Bu bolsa, Ýer ummanlarynyň emele gelmeginde daşarky asman jisimleriniň paýynyň diňe bir göterimiň ujypsyz bölegine deňdigini aňladýar.
Awtorlar suwuň peýda bolmagynyň we netijede ýaşaýyş üçin şertleriň döremeginiň asteroidleriň ýa-da kometalaryň bombalamagy bilen däl-de, Ýeriň öz emele gelmeginiň içki prosesleri bilen baglanyşyklydygyny belleýärler.


11.06.2026 10:55
1.6k+

NASA «Artemis III» missiýasynyň ekipaž düzümini yglan etdi

NASA agentligi 2027-nji ýylda amala aşyryljak Artemis III missiýasynyň düzüminde uçmaly dört astronawtyň atlaryny mälim etdi. Missiýa 2028-nji ýylda Aýyň günorta polýusyna ilkinji gezek adamyň aýak basmagyny......

11.06.2026 08:39
1k+

SpaceX ýene bir rekord goýdy: Falcon 9-yň birinji basgançagy 35-nji uçuşyny tamamlady

SpaceX kompaniýasy raketalary gaýtadan ulanmak boýunça öz rekordyny ýene-de täzeledi. Raketa göteriji Falcon 9-yň birinji basgançagy kosmosa uçdy we eýýäm 35-nji gezek yzyna gaýdyp geldi....

10.06.2026 10:51
1.1k+

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

08.06.2026 16:17
2.8k+

NASA-nyň «X-59» uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçmäge taýýarlanýar

NASA-nyň «X-59» sesden hem çalt uçýan eksperimental uçary uçuş synaglarynyň nobatdaky tapgyryna taýýarlanýar. Bu tapgyrda uçar öz taryhynda ilkinji gezek sesiň tizliginden-de ýokary geçmelidir....