1.7k+

Türkmenistan we Beýik Britaniýa ylym we medeniýet ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeldýär

Ylmy-medeni özara gatnaşyklar türkmen wekiliýetiniň Londona amala aşyran iş saparynyň dowamynda üns merkezinde duran esasy meseleleriň biri boldy. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet London uniwersitet kollejiniň (UCL) Arheologiýa institutynyň professory Timoti Uilýams bilen duşuşdy...

1.9k+

Apple düzüminde ýekeje işgäri bolan invrs.io startapyny satyn aldy

Apple kompaniýasy Ýewropanyň invrs.io startapyny satyn aldy. Bu geleşigiň iň gyzykly tarapy — startapda ýekeje adam işleýär, olam onuň esaslandyryjysy Martin Şubert. Indi ol öz işini Apple-de dowam etdirýär. Bu şertnama üçin amerikan kompaniýasynyň näçe pul çykarany mälim edilmedi...

5.2k+

Iň gowusy «Ýedi samuraý»: Collider taryhda iň gowy uruşly filmleri saýlady

Collider neşiri taryhyň iň gowy 20 sany söweşjeň filminiň sanawyny düzdi. Sanawyň birinji basgançagynda režissýor Akira Kurosawanyň 1954-nji ýylda surata düşüren «Ýedi samuraý» filmi ýerleşdi.  Filmdäki wakalar XVI asyrdaky Ýaponiýada raýatlyk urşy döwründe bolup geçýär...

3.5k+

Warner Bros. «Mortal Kombat 2» filminiň treýlerini ýaýratdy

Warner Bros. kinokompaniýasy özüniň YouTube kanalynda «Mortal Kombat 2» filminiň täze treýlerini çap etdi. Filmiň dünýä premýerasy 8-nji maýa meýilleşdirilýär. Filmiň sýužeti 2021-nji ýyldaky birinji bölümiň dowamy bolup, ol Ýeriň çempionlary bilen onunjy ýaryş başlamazyndan ozal goragçylary ýok etmäge synanyşýan Şan Szunyň arasyndaky garşylygy görkezmäge gönükdirilendir...

9.5k+

Maltada dünýäniň iň uzyn şokolad otlusy guruldy: 55 metr

​Maltada kakaonyň ysy gelýän, süýji-şeker dükanlarynyň witrinasy ýaly lowurdaýan we şol bir wagtyň özünde resmi taýdan dünýä rekordy hökmünde ykrar edilen otly peýda boldy. Gürrüň taryhdaky iň uzyn şokolad otlusy barada gidýär...

2.1k+

Instagram Google TV-li telewizorlarda işläp başlady

Instagram programmasy ABŞ-da Google TV ulgamynda işleýän enjamlaryň eýeleri üçin elýeterli boldy. Bu täzelik dekabr aýynda hyzmatyň Amazon Fire TV platformasynda peýda bolmagyndan soňra amala aşyryldy. Täze programma üpjünçiligi Reels wideolaryny we esasy täzelikler akymyny gönüden-göni telewizor ekranlarynda görmäge mümkinçilik berýär...

2.8k+

Tom Henks «Linkoln bardoda» romanynyň ekranlaşdyrylmasynda Awraam Linkolny oýnar

Oskar baýragynyň eýesi, aktýor Tom Henks täze kino taslamasynda ABŞ-nyň 16-njy prezidenti Awraam Linkolnyň keşbini ýerine ýetirer. Artist «Linkoln bardoda» (Lincoln in the Bardo) diýlip atlandyrylýan eksperimental dramanyň aktýorlar düzüminde esasy gahryman bolar diýip, Variety neşiri habar berýär...

4.9k+

Spinozawrlar deňiz mahluklary däl-de, ägirt uly hokgarlar bolup çykdy

Paleontologlar spinozawrlaryň öň çaklanylyşy ýaly, deňiz ýyrtyjylary däldigini anykladylar. Nigerde geçirilen gazuw-agtaryş işleri bu meselä aýdyňlyk girizdi.  2019-njy ýylda barlagçylar ol ýerden äň böleklerini tapan bolsalar,  soňky ekspedisiýada bolsa täze görnüşiň — Spinosaurus mirabilis-iň tas doly ystyhanyny ýüze çykardylar...

2.1k+

Lego bu gezek Klod Moneniň meşhur eserini konstruktora öwürdi

Metropoliten sungat muzeýi Lego kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda täze Lego Art toplumyny tanyşdyrdy. Bu täze önüm muzeýiň kolleksiýasynda saklanýan Klod Moneniň 1899-njy ýylda çeken «Liliýaly howzuň üstündäki köpri» (Bridge over a Pond of Water Lilies) atly kartinasynyň esasynda döredildi...

8.5k+

Panamada müň ýyldan gowrak taryhy bolan altyn şaý-sepli gadymy mazar tapyldy

Panamada arheologlar adam süňkleri, altyn şaý-sepler we toýun gap-gaçlar saklanyp galan, müň ýyldan gowrak ýaşy bolan gadymy mazary ýüze çykardylar. Bu täsin açyş Panama-Siti şäherinden takmynan 200 kilometr günorta-günbatarda ýerleşýän Nata sebitindäki El-Kano arheologik ýadygärliginde hasaba alyndy...

4.5k+

«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Lebap welaýatyna dabaraly ýörişi boldy

Arkadag şäherinde başlanyp, Balkan we Daşoguz welaýatlarynda dowam eden dabaraly ýörişlerden soň, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň sapary ýurduň Lebap welaýatyna gönükdi. Bu çäreler 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli ýurt boýunça ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk dabaralarynyň dowamy boldy...

1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...

2.4k+

Mikelanjelonyň nämälim 20 eseriniň tapylandygy mälim edildi

Italiýada meşhur heýkeltaraş Mikelanjelo Buonarrotiniň öň näbelli bolan 20 sany işi ýüze çykaryldy. Erkin sungat taryhçysy Walentina Salernonyň geçiren barlaglarynyň netijesinde bu eserleriň asyl nusgadygy tassyklanyldy diýip, Il Messaggero neşiri habar berýär...

5.8k+

Salwadorda 100 müň sany plastik gapakdan öz «Mona Lizalaryny» döretdiler

Salwadoryň Sakamil etrabynda 100 müňden gowrak plastik gapakdan taýýarlanan ägirt uly diwar suraty peýda boldy. Bu işiň beýikligi 13 metrden geçýär. Euronews agentliginiň habar bermegine görä, awtor dünýäde bu ululykda gapak bilen «çekilen» başga bir freskanyň ýokdugyny aýdýar...

7.6k+

Panç atly ýalňyz maýmynjygyň meşhurlygy IKEA-nyň ýumşak oýunjagyny iň ýörgünli haryda öwürdi

Ýumşak orangutan oýunjagyny özüne «eje» edinen Panç atly makakajygyň meşhurlygy IKEA-nyň bu oýunjaklaryna bolan islegi rekord derejä ýetirdi. Panç özüniň gynançly hekaýasy bilen dünýä belli boldy. Makaka maýmynjygynyň çagasy Tokionyň golaýyndaky Itikawa haýwanat bagynda 2025-nji ýylyň iýulynda dünýä inenden soň, öz enesi tarapyndan ret edildi...

1.5k+

Microsoft-da Xbox oýun bölüminiň ýolbaşçysy çalyşýar

Microsoft kompaniýasynyň oýun bölüminiň (Microsoft Gaming) meşhur ýolbaşçysy Fil Spenser wezipesini tabşyrýar. Bu täzelik dünýäniň iň uly oýun ekoulgamlarynyň birinde täze döwrüň başlangyjyny aňladýar. Duşenbe gününden başlap, Microsoft Gaming-iň täze ýolbaşçysy wezipesine Aşa Şarma bellenildi...

2.5k+

Ubisoft «Far Cry-dan» iki täze oýnuň ýakynda çykjakdygyny we «Assassin’s Creed-iň» üstünde işleýändigini tassyklady

​Ubisoft kompaniýasynyň ýolbaşçysy Iw Giýmo, kompaniýanyň «Far Cry» seriýasyndan iki sany täze oýun çykarmaga taýýarlanýandygyny tassyklady. Ol bu barada «Variety» neşirine beren interwýusynda mälim etdi. Bu söhbetdeşlik kompaniýanyň giň gerimli gaýtadan guralyşyndan soňky ilkinji uly jemgyýetçilik çykyşy boldy...

1.5k+

Teýlor Swiftiň «The Life of a Showgirl» albomy 2025-nji ýylyň iň meşhur albomy diýlip ykrar edildi

​Fonogramma öndürijileriniň halkara federasiýasy (IFPI) 2025-nji ýylyň iň meşhur on sany albomynyň reýtingini çap etdi. Global sanawda birinji orny «The Life of a Showgirl» albomy bilen Teýlor Swift eýeledi. ​Reýting düzülende fiziki göterijileriň (kompakt-diskler we winil plastinkalary) satylyşy, sanly göçürmeler hem-de striming platformalaryndaky diňlenme sany hasaba alyndy...

2.5k+

«Bir söweşden soň beýleki» filmi alty BAFTA baýragyna mynasyp boldy

Londonda britan we halkara kinematografiýasynda gazanylan üstünlikleri belleýän BAFTA baýragynyň 79-njy gowşurylyş dabarasy geçirildi. Agşamyň esasy ýeňijisi Pol Tomas Andersonyň «Bir söweşden soň beýleki» (Битва за битвой) filmi boldy...

2.8k+

YouTube bilen indi telewizor görýärkäňiz hem gepleşip bolar

​YouTube özüniň synag tapgyryndaky emeli aň guralynyň gerimini giňeldýär we ony akylly telewizorlarda (Smart TV), oýun konsollarynda hem-de striming pristawkalarynda synagdan geçirip başlaýar. Ozal bu funksiýa diňe mobil goşundyda we serwisiniň web wersiýasynda elýeterlidi...

1.9k+

Berlin kinofestiwalynyň baş baýragy «Sary hatlar» filmine gowşuryldy

76-njy Berlin kinofestiwalynyň baş baýragy — «Altyn Aýy» germaniýaly asly türk režissýor Ilker Çatakyň düşüren «Sary hatlar» (Gelbe Briefe) filmine gowşuryldy. Baýragyň gowşurylyş dabarasy 21-nji fewralda Potsdam meýdanyndaky Berlinale köşgünde geçirildi...

2.4k+

Ýaponiýa uçarlarda daşky akkumulýatorlary ulanmagy gadagan edýär

Ýaponiýanyň Ulag ministrligi awiakompaniýalara uçaryň içinde portatiw zarýad beriji enjamlary ulanmagy gadagan edýär. Bu görkezme 2026-njy ýylyň aprel aýynda güýje girer. Gadaganlyga uçuş wagtynda smartfonlaryň akkumulýatorlarynyň we pauerbanklaryň ýanmagy bilen bagly ýüze çykan wakalar sebäp boldy...