Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar.
Kompaniýanyň ýolbaşçysy suratlaryň hiline gysgaça baha berip: "Her bir surat — sungat eseri!" diýip belledi.
Xiaomi 17 Ultra-nyň esasy kamerasy iň täze tehnologiýalar bilen enjamlaşdyryldy. Esasy sensor: Üçünji nesil LOFIC tehnologiýasyna esaslanýan OV50X sensory ulanylýar. Bu tehnologiýa foto we wideo düşürilende dinamiki diapozony ep-esli giňeltmäge mümkinçilik berýär. Teleobýektiw: 1/1.4 dýuým ölçegli äpet 200 megapiksellik sensor bilen üpjün edildi.
Inženerler HPE modulyny 3G+5P shemasyna çenli kämilleşdirdiler. Bu bolsa sazyň optiki aýratynlyklaryny we gijeki surata düşüriş ukybyny has-da gowulandyrmaga ýol açdy.
Täze modelde ultra giň burçly kamera hem düýpli döwrebaplaşdyryldy.
Smartfon diňe kamerasy bilen däl, eýsem beýleki görkezijileri bilen hem haýran galdyrýar. Ekran simmetrik çarçuwaly, tekiz RGB OLED. 6800 mAh sygymly kuwwatly akkumulýator. Zarýad beriş 90 Wt simli we 50 Wt simsiz çalt zarýad beriş ulgamy bar.
Enjam täze HyperOS 3 operasion ulgamynda işleýär. Bu ulgam ekoulgamdaky ähli enjamlaryň arasynda bildirişleri we maglumatlary bökdençsiz sazlamaga mümkinçilik berýär.

