Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

  • 21.01.2026 10:50
  • 2.2k+

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär.

Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar. Ol gabat gelýän smartfonlara magnitleriň kömegi bilen berkidilýär we simsiz zarýady goldaýar.
Xiaomi 17 smartfonlary bilen ulanylanda simsiz zarýadyň kuwwaty 15 Wt ýetýär. iPhone üçin bu görkeziji 7,5 Wt bilen çäklenýär. Has çalt zarýad üçin 22,5 Wt çenli simli zarýady goldaýan USB-C porty göz öňünde tutuldy. Gurluş bir wagtyň özünde iki gajeti – kabel we simsiz tehnologiýa boýunça zarýadlandyrmaga mümkinçilik berýär.
Akkumulýatorda 5000 mA/sag sygymly kremniý-uglerod batareýasy ulanylýar. Bu iPhone-yň bir doly zarýady üçin ýeterlikdir. Sowadyş üçin 4369 mm2 meýdanly grafit listi ulanylýar. Howpuzlyga on gorag derejesi, şeýle-de iki NTC temperatura datçigi jogap berýär.
Korpus alýumin ergininden ýasaldy. Zarýad derejesi dört LED indikatorynyň kömegi bilen görkezilýär.
Akkumulýator eýýäm 7980 ýena (takmynan, 50 dollar) bahadan Ýaponiýada satuwa çykdy.


22.02.2026 01:33
3.8k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar...

14.02.2026 18:43
1.4k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

16.01.2026 08:10
3.9k+

Xiaomi 17 Pro we Pro Max modelleriniň aktiwleşdirilen sany bir milliondan geçdi

Xiaomi-niň täze flagmanlary bolan Xiaomi 17 Pro we 17 Pro Max smartfonlarynyň her biriniň aktiwleşdiriliş sany bir millionlyk sepgitden ýokary geçdi. Bu barada hytaýly meşhur insaýder "Digital Chat Station" habar berdi...