Xiaomi 17 Pro we Pro Max modelleriniň aktiwleşdirilen sany bir milliondan geçdi

  • 16.01.2026 08:10
  • 3.9k+

Xiaomi-niň täze flagmanlary bolan Xiaomi 17 Pro we 17 Pro Max smartfonlarynyň her biriniň aktiwleşdiriliş sany bir millionlyk sepgitden ýokary geçdi. Bu barada hytaýly meşhur insaýder "Digital Chat Station" habar berdi.

Onuň maglumatlaryna görä, ýakynda hödürlenen smartfonlaryň arasynda diňe üç model: Xiaomi 17 Pro seriýasynyň iki enjamy hem-de Huawei Mate 80 smartfony milliondan gowrak aktiwleşdiriş görkezijisini gazanmagy başardy.
Xiaomi 17 Pro seriýasy soňky döwürde çykan ähli flagman modelleriniň arasynda iň ýokary meşhurlyga eýe boldy. "Xiaomi Group"-yň prezidenti Lu Weýbin sosial ulgamlarda Xiaomi 17 seriýasynyň kompaniýanyň bütin taryhyndaky iň köp satylan telefon seriýasydygyny aýratyn belledi.
Täze flagmanlaryň iň esasy aýratynlygy — olaryň özboluşly dizaýnydyr. Smartfonlaryň arka panelinde doly derejeli ikinji displeý hökmünde işleýän goşmaça ekran ýerleşdirilen. Bu ekranda sagady, dürli awatarlary we wirtual öý haýwanlaryny görkezip bolýar. Şeýle-de, ikinji ekranda habarnamalary okamak we möhüm bellikleri berkidip goýmak mümkinçiligi bar.
Arka tarapdaky ekran surata düşürilende hem uly ýeňillikleri döredýär: ol esasy kameradan alynýan şekili hakyky wagtda (real-time) görmäge mümkinçilik berýär. Bu bolsa, başga bir adam sizi surata düşürýän wagty kadryň dogry düşmegini dolandyrmaga kömek edýär.


22.02.2026 01:33
3.7k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar...

15.02.2026 09:14
3.1k+

26-njy fewralda Madridde Huawei Mate 80 Pro-nyň dünýä tanyşdyrylyşy geçiriler

Hytaýyň tehnologiýa ägirdi bolan Huawei täze "Mate 80 Pro" seriýasynyň halkara bazaryndaky tanyşdyrylyşynyň 2026-njy ýylyň 26-njy fewralynda boljakdygyny tassyklady. Resmi çäre Ispaniýanyň paýtagty Madrid şäherinde geçiriler...

14.02.2026 18:43
1.4k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...