26-njy fewralda Madridde Huawei Mate 80 Pro-nyň dünýä tanyşdyrylyşy geçiriler

  • şu gün 09:14
  • 533

Hytaýyň tehnologiýa ägirdi bolan Huawei täze "Mate 80 Pro" seriýasynyň halkara bazaryndaky tanyşdyrylyşynyň 2026-njy ýylyň 26-njy fewralynda boljakdygyny tassyklady. Resmi çäre Ispaniýanyň paýtagty Madrid şäherinde geçiriler.

Tanyşdyrylyş "Innowasion önümleriň global prezentasiýasy" atly uly göwrümli metbugat çäresiniň çäginde bolar. Bu çärede diňe bir smartfon däl, eýsem, täze nesil simsiz nauşnikler bolan FreeBuds Pro 5 TWS, türgenler we işjeň durmuş ýörelgesiniň muşdaklary üçin niýetlenen Watch GT Runner akylly sagatlary ýaly täze enjamlar hem görkeziler.
Täze smartfon özüniň öňdebaryjy tehnologiýalary bilen tapawutlanýar. Displeýi 6,75 dýuýmlyk, çarçuwasyz diýen ýaly LTPO AMOLED ekran. Ol FHD+ durulygyna we 1-den 120 Gs-e çenli üýtgeýän (adaptiw) täzeleniş ýygylygyna eýe.
Uly sensorlar bilen üpjün edilen esasy kamera we Huawei-niň özboluşly XMAGE şekillendiriş algoritmi bar.
Smartfon täze nesil HarmonyOS 6 operasion ulgamynda işleýär.
5750 mAs göwrümli akkumulýator we 100 Wt kuwwatyndaky çalt zarýad beriş goldawyna eýe. Şeýle hem, enjam tozandan we suwdan gorag (IP standartlary) ulgamyna eýedir.


16.01.2026 08:10
3.8k+

Xiaomi 17 Pro we Pro Max modelleriniň aktiwleşdirilen sany bir milliondan geçdi

Xiaomi-niň täze flagmanlary bolan Xiaomi 17 Pro we 17 Pro Max smartfonlarynyň her biriniň aktiwleşdiriliş sany bir millionlyk sepgitden ýokary geçdi. Bu barada hytaýly meşhur insaýder "Digital Chat Station" habar berdi...

31.12.2025 08:10
3.6k+

Huawei Mate 80 Hytaýda uly meşhurlyga eýe boldy: 23 günde 1,2 milliondan gowrak smartfon satyldy

Huawei Mate 80 smartfonlar seriýasy Hytaýyň içerki bazarynda hakyky meşhurlyk gazandy. Bu seriýanyň umumy satuwy takmynan 1,235 million birlige ýetdi. Bu bolsa Huawei kompaniýasynyň satuwa başlan ilkinji 23 gününiň dowamynda ortaça günde 50 müňden gowrak smartfon satandygyny aňladýar...

29.12.2025 00:24
3.4k+

Huawei-iň HarmonyOS ulanyjylarynyň sany 27 milliona ýetdi

Huawei kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen HarmonyOS operasion ulgamynyň altynjy wersiýasy şu ýylyň oktýabr aýynda çykdy we eýýäm 27 milliondan gowrak ulanyjy toplady. Bu barada Hytaýyň tehnologiýa ägirdiniň statistikasyna salgylanýan South China Morning Post gazeti habar berýär...

16.12.2025 17:18
2.7k+

Huawei Nova 15 smartfonlarynyň üç modelini yglan etdi we öňünden sargytlary alyp başlady

Huawei kompaniýasy öz onlaýn dükanynda täze Nova 15, Nova 15 Pro we Nova 15 Ultra smartfonlaryny hödürledi. Täze enjamlar üçin Hytaýda 15-nji dekabrda öňünden sargytlar kabul edilip başlandy, resmi satuwa çykarylşy bolsa 22-nji dekabrda geçiriler...