Huawei Nova 15 smartfonlarynyň üç modelini yglan etdi we öňünden sargytlary alyp başlady

  • 16.12.2025 17:18
  • 2.7k+

Huawei kompaniýasy öz onlaýn dükanynda täze Nova 15, Nova 15 Pro we Nova 15 Ultra smartfonlaryny hödürledi. Täze enjamlar üçin Hytaýda 15-nji dekabrda öňünden sargytlar kabul edilip başlandy, resmi satuwa çykarylşy bolsa 22-nji dekabrda geçiriler.

Standart Nova 15 öňki modeliniň dizaýnyny, şol sanda ekrandaky ýeke deşigi we arka kameranyň öňki ýerleşişini saklaýar. Ýöne Nova 15 Pro-nyň we Nova 15 Ultra-nyň dizaýnynda görnükli üýtgeşmeler bar. Nova seriýasynda ilkinji gezek bu enjamlar keseligine ýerleşdirilen kamera modulyna eýe boldy. Mundan başga-da, resmi plakatlarda Pro we Ultra wersiýalarynda metal çarçuwanyň bardygy görkezilýär.
Üç smartfonyň hemmesi üçin dört reňk çözgüdi hödürlenýär: Dynamic Green, Easy Match Purple, Zero Degree White we Phantom Night Black. Ýaşyl we gyrmyzy görnüşleriniň arka paneli zolakly bezegdedir.
Nova 15 we Nova 15 Pro smartfonlary 12 GB RAM we 256 GB ýa-da 512 GB içki ýatly konfigurasiýalarda elýeterli bolar. Bu enjamlar Kirin 8020 SoC prosessory bilen işlär.
Nova 15 Ultra modeli, esasy konfigurasiýalardan başga-da, 12 GB RAM we 1 TB fleş-ýatly has uly göwrümli wersiýany hem aldy. Ultra-nyň Kirin 9010S ýa-da 9020A çipi bilen enjamlaşdyryljakdygy çaklanylýar.


31.12.2025 08:10
3.3k+

Huawei Mate 80 Hytaýda uly meşhurlyga eýe boldy: 23 günde 1,2 milliondan gowrak smartfon satyldy

Huawei Mate 80 smartfonlar seriýasy Hytaýyň içerki bazarynda hakyky meşhurlyk gazandy. Bu seriýanyň umumy satuwy takmynan 1,235 million birlige ýetdi. Bu bolsa Huawei kompaniýasynyň satuwa başlan ilkinji 23 gününiň dowamynda ortaça günde 50 müňden gowrak smartfon satandygyny aňladýar...

29.12.2025 00:24
3.2k+

Huawei-iň HarmonyOS ulanyjylarynyň sany 27 milliona ýetdi

Huawei kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen HarmonyOS operasion ulgamynyň altynjy wersiýasy şu ýylyň oktýabr aýynda çykdy we eýýäm 27 milliondan gowrak ulanyjy toplady. Bu barada Hytaýyň tehnologiýa ägirdiniň statistikasyna salgylanýan South China Morning Post gazeti habar berýär...

15.12.2025 14:58
1.8k+

Huawei-niň flagman Mate X7 eplenýän smartfony halkara bazaryna çykdy

Täze flagman eplenýän smartfon Huawei Mate X7 noýabryň ahyrynda Hytaýda görkezilenden soň ilkinji gezek halkara bazaryna çykdy. Smartfon ykjamlygy, kuwwatlylygy we haýran galdyryjy goragy bilen tapawutlanýar. Smartfon diňe bir wersiýada hödürlenýär: 16 GB operatiw we 512 GB hemişelik ýat...

15.12.2025 08:41
1.7k+

"Çeýe" smartfon bazary ilkinji eplenýän iPhone çykandan soň 30%-lik ösüş görkezer

IDC portalynyň analitikleriniň çaklamasyna görä, eplenýän smartfonlar bazary geljek ýyl girdeji hasabynda ep-esli ösüşi — dessine 30%-i görkezer. Bu segmentiň esasy hereketlendirijileri ilkinji eplenýän Apple iPhone-nyň we ýaňy-ýakynda hödürlenen "Samsung Galaxy Z TriFold" modeliniň çykmagy bolar...