Huawei-iň HarmonyOS ulanyjylarynyň sany 27 milliona ýetdi

  • 29.12.2025 00:24
  • 3.3k+

Huawei kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen HarmonyOS operasion ulgamynyň altynjy wersiýasy şu ýylyň oktýabr aýynda çykdy we eýýäm 27 milliondan gowrak ulanyjy toplady. Bu barada Hytaýyň tehnologiýa ägirdiniň statistikasyna salgylanýan South China Morning Post gazeti habar berýär.

Öz programma platformasyny ösdürmek Huawei üçin mejbury ädim boldy. Takmynan alty ýyl mundan ozal ABŞ tarapyndan girizilen sanksiýalar Huawei-iň Google tehnologiýalaryna we ekoulgamyna elýeterliligini çäklendirdi. Şondan bäri HarmonyOS öz auditoriýasyny we funksional mümkinçiliklerini yzygiderli giňeldip gelýär.
Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, HarmonyOS ulgamynda işleýän 100 müňden gowrak täze enjam her gün işe girizilýär. Kompaniýanyň şahsy programma dükanyndan bolsa her gün 88 milliondan gowrak programma we täzelenme göçürilip alynýar. Bu görkezijiler HarmonyOS-y Hytaý bazarynda Android ulgamyna durnukly alternatiwa hökmünde kabul etmäge mümkinçilik berýär.
Ulgamyň bäşinji wersiýasy geçen ýylyň ahyrynda tanyşdyryldy, iýun aýynda bolsa işläp düzüjiler altynjy wersiýa elýeterlilik aldylar. Oktýabrda bolsa ol köpçülikleýin ulanyjylara hödürlendi. Huawei-iň wekilleri 27 millionlyk sepgidiň aşylmagyny platforma üçin "ýaşaýyş ukybynyň çäginden geçmek" hökmünde häsiýetlendirdiler.
Şol bir wagtyň özünde, kompaniýa tehnologik garaşsyzlygyň beýleki ugurlaryny hem ösdürýär. Hususan-da, Huawei mobil enjamlar we hasaplaýyş tizlendirijileri üçin Hytaýyň öz içinde öndürilip bilinjek şahsy çiplerini döretmäge girişdi. Mundan ozal kompaniýa bu maksatlar üçin Taýwanyň TSMC zawodynyň mümkinçiliklerinden peýdalanýardy, emma şu onýyllygyň başynda sanksiýalar sebäpli bu mümkinçilikden mahrum boldy.


16.01.2026 08:10
3.3k+

Xiaomi 17 Pro we Pro Max modelleriniň aktiwleşdirilen sany bir milliondan geçdi

Xiaomi-niň täze flagmanlary bolan Xiaomi 17 Pro we 17 Pro Max smartfonlarynyň her biriniň aktiwleşdiriliş sany bir millionlyk sepgitden ýokary geçdi. Bu barada hytaýly meşhur insaýder "Digital Chat Station" habar berdi...

31.12.2025 08:10
3.5k+

Huawei Mate 80 Hytaýda uly meşhurlyga eýe boldy: 23 günde 1,2 milliondan gowrak smartfon satyldy

Huawei Mate 80 smartfonlar seriýasy Hytaýyň içerki bazarynda hakyky meşhurlyk gazandy. Bu seriýanyň umumy satuwy takmynan 1,235 million birlige ýetdi. Bu bolsa Huawei kompaniýasynyň satuwa başlan ilkinji 23 gününiň dowamynda ortaça günde 50 müňden gowrak smartfon satandygyny aňladýar...

16.12.2025 17:18
2.7k+

Huawei Nova 15 smartfonlarynyň üç modelini yglan etdi we öňünden sargytlary alyp başlady

Huawei kompaniýasy öz onlaýn dükanynda täze Nova 15, Nova 15 Pro we Nova 15 Ultra smartfonlaryny hödürledi. Täze enjamlar üçin Hytaýda 15-nji dekabrda öňünden sargytlar kabul edilip başlandy, resmi satuwa çykarylşy bolsa 22-nji dekabrda geçiriler...

15.12.2025 14:58
1.8k+

Huawei-niň flagman Mate X7 eplenýän smartfony halkara bazaryna çykdy

Täze flagman eplenýän smartfon Huawei Mate X7 noýabryň ahyrynda Hytaýda görkezilenden soň ilkinji gezek halkara bazaryna çykdy. Smartfon ykjamlygy, kuwwatlylygy we haýran galdyryjy goragy bilen tapawutlanýar. Smartfon diňe bir wersiýada hödürlenýär: 16 GB operatiw we 512 GB hemişelik ýat...