HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

  • 06.02.2026 09:00
  • 1.4k+

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär.

Xiaomi-niň täze nesil programma üpjünçiligi diňe bir interfeýs däl, eýsem ulgamyň düýp esaslaryny özgertmäge gönükdirilendir. Ulgama Xiaomi-niň şahsy emeli aň modeli ornaşdyrylar, bu bolsa smartfonyň ulanyjynyň endiklerine has çalt uýgunlaşmagyna kömek eder.
HyperOS häzirki wagtda ähli programmalar bilen doly işleşmek üçin Android hyzmatlaryny saklap galýar, ýöne wagtyň geçmegi bilen ulgam has özbaşdak bolar.
Taslama «Adam — Öý — Ulag» konsepsiýasyny birleşdirip, Xiaomi-niň ähli enjamlarynyň bir bitewi ulgamda işlemegini üpjün edýär.
Kompaniýanyň prezidenti Leý Szýun 2026-njy ýyla çenli doly tehnologik birleşmä ýetmegi maksat edinýär.
Xiaomi 2026-njy ýylda özüniň flagman smartfonlarynda ulanjak hususy mikroshemalaryny hödürlär diýlip garaşylýar. Bu maksatlara ýetmek üçin bäş ýylyň dowamynda 200 milliard ýuan (takmynan 28,6 milliard dollar) serişde gönükdiriler.
Maýa goýumlarynyň esasy bölegi ýarymgeçirijiler (çip önümçiligi), programma üpjünçiligi we emeli aň pudaklaryna sarp ediler.


22.02.2026 01:33
3.8k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar...

14.02.2026 18:43
1.4k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

09.02.2026 12:17
1.8k+

Android enjamlarynyň 40%-den gowragy köne OS wersiýalary sebäpli uly howp astynda

Google kompaniýasy häzirki wagtda ulanylýan ähli işjeň Android smartfonlarynyň 40%-den gowragynyň operasion ulgamynyň köne wersiýalary sebäpli howp astyndadygyny tassyklady. Bu görkeziji bütin dünýä boýunça bir milliarddan gowrak enjamyň kiberhüjümlere garşy goragsyzdygyny aňladýar...

22.01.2026 12:20
1.8k+

Google başga çeşmelerden programmalaryň Android-e gurnalmagyny kynlaşdyrar

Google kompaniýasy Android-de Google Play resmi dükanyndan başga çeşmelerden programmalary gurnamagyň tertibiniň üýtgediljekdigini tassyklady. Bu barada Google Play önümlerini dolandyrmak boýunça müdir Metýu Forsaýt X sosial ulgamynda habar berdi...