YouTube-da indi Shorts wideolary görkezmez ýaly edip bolýar

  • 22.04.2026 16:50
  • 947

YouTube-yň Android we iOS üçin mobil goşundylarynda Shorts wideolaryny ulanyjy lentasyndan doly aýyrmaga mümkinçilik berýän täze funksiýa peýda boldy. Bu mümkinçilik taýmer ulgamynyň täzelenmegi netijesinde amala aşyryldy; indi gysga wideolara tomaşa etmek üçin sarp edilýän wagtyň çägini "nol" (0) edip bellemek bolýar.

Täze funksiýa geçen ýylyň oktýabr aýynda hödürlenen wagty dolandyrmak funksiýasynyň dowamydyr. Eger öňler wagty çäklendirmegiň iň pes derejesi 15 minut bolan bolsa, indi ulanyjylar "0" wagty saýlap bilýärler. Başda ene-ata gözegçiligi üçin niýetlenen bu giňeldilen gurallar ýanwar aýynda işe girizilipdi, indi bolsa YouTube-yň wekili nollyk taýmeri gurnamak mümkinçiliginiň ähli ulanyjylar, şol sanda adaty uly ýaşly akkauntlar üçin hem ornaşdyrylýandygyny tassyklady. 

Bu funksiýa "çalt" kontent sarp edilişini azaltmak isleýänler üçin niýetlenendir. Bellenen wagt çägine ýetilen wagty, Shorts bölüminde degişli duýduryş peýda bolýar we wideolaryň görkezilişi togtadylýar. Synaglaryň netijesine görä, taýmer nola goýlanda, Shorts wideolary goşundynyň esasy sahypasyndan hem ýitýär.

Bu mümkinçiligi işe girizmek üçin YouTube goşundysynyň sazlamalaryndan (Settings) «Wagty dolandyrmak» (Time watched) bölümine geçmeli, lentada gysga wideolaryň görkezilişini çäklendirmegi işjeňleşdirmeli we saýlanýan wagt aralygyny bellemeli.


16.06.2026 23:19
2.3k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

14.06.2026 14:07
4k+

MrBeast YouTube-da agzalary 500 milliona ýeten ilkinji bloger boldy

Jimmi «MrBeast» Donaldson YouTube platformasynda 500 million yzarlaýjy görkezijisine ýeten ilkinji bloger boldy. Ol bu pursaty platformada göni ýaýlymda görkezdi....

04.06.2026 11:54
2k+

Duolingo ulanyjylara iň uzak okuw seriýasyny yzyna gaýtarmaga rugsat berdi

Daşary ýurt dillerini öwrenmek üçin niýetlenen "Duolingo" hyzmaty ulanyjylara ýitiren iň uzyn gündelik okuw seriýasyny dikeltmäge mümkinçilik berýän ýörite aksiýany ýola goýdy. Bu başlangyç köp günlük okuw......

30.05.2026 11:28
1.5k+

YouTube ulanyjynyň islegi boýunça wideo saýlamagy öwrendi

YouTube wideohostingi emeli aňyň kömegi bilen wideolaryň şahsy lentalaryny döretmegiň täze funksiýasyny işe girizdi. Indi saýlama wideolaryň ýygyndysyny döretmek üçin ulanyja diňe isleýän kontentiniň tekstli......