Ýaponiýa uçarlarda daşky akkumulýatorlary ulanmagy gadagan edýär

  • 21.02.2026 20:39
  • 2.4k+

Ýaponiýanyň Ulag ministrligi awiakompaniýalara uçaryň içinde portatiw zarýad beriji enjamlary ulanmagy gadagan edýär. Bu görkezme 2026-njy ýylyň aprel aýynda güýje girer.
Gadaganlyga uçuş wagtynda smartfonlaryň akkumulýatorlarynyň we pauerbanklaryň ýanmagy bilen bagly ýüze çykan wakalar sebäp boldy.
Buýruk güýje girenden soň, ýolagçylar uçaryň salonynda daşky akkumulýatorlaryň kömegi bilen telefonlaryna zarýad berip bilmezler. Şol bir wagtyň özünde, el goşlarynda şeýle enjamlaryň iki sanysyna çenli almaga rugsat berilýär. Ýöne olary-da uçuş wagtynda zarýad bermek üçin ulanmak düýpli gadagandyr. Hatda ol enjamlary oturgyçlaryň ýokarsyndaky goş goýulýan bölümlerde saklamaga hem rugsat berilmeýär.
Ätiýaçlyk çäreleri hakyky bolup geçen wakalar bilen baglydyr. Çünki zarýad beriji  enjamlar zeper ýetmek, öndürilişindäki kemçilikler ýa-da aşa gyzmak sebäpli ot alyp bilýärler. Bu çäräni ilkinji bolup, geçen ýylyň ýanwar aýynda näsaz enjam sebäpli ýüze çykan ýangyndan soň Günorta Koreýanyň Air Busan awiakompaniýasy girizipdi. Edil şonuň ýaly, beýleki Aziýa we Ýewropa awiakompaniýalary hem şoňa meňzeş çäklendirmeleri kabul etdiler.

 


04.06.2026 11:45
2.3k+

Ýaponiýada ýitip giten kekeçli ibisler gaýtadan ýetişdirilip, ýabany tebigata goýberildi

Ýaponiýada soňky onlarça ýylyň dowamynda ilkinji gezek, ozal bu sebitde doly ýitip giden kekeçli ibis guşlarynyň sekizisi ýabany tebigata goýberildi. Dabaraly çäre Hakui şäherinde geçirildi. Bu guşlaryň iň......

28.05.2026 17:06
4.3k+

Ýaponiýa we Gazagystandaky BMGÖM Kaspi deňzi üçin 3 million dollar sarp edýär

Ýaponiýanyň Hökümeti we BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) Gazagystanda Kaspi deňziniň suwunyň derejesiniň peselmegine garşy çärelere gönükdirilen 3 million dollar gymmatyndaky täze taslama badalga berýärler....

27.05.2026 10:18
8.9k+

Ýaponiýada 1200 ýyllap ýanyp duran «Ebedi ot» ybadathanasyny ot aldy

Ýaponiýanyň Miýadzima adasynda ýüze çykan uly ýangyn netijesinde 806-njy ýyldan bäri (1200 ýyldan gowrak wagt) dowamly ýanyp duran ebedi ody öz içinde saklaýan meşhur «Reýkado» ybadathanasy doly ýanyp, kül......

14.05.2026 14:43
2.3k+

Tokioda Ýaponiýanyň iň beýik gökdiräni — Torch Tower binasy gurulýar

Tokioda Ýaponiýanyň iň beýik binasy boljak «Torch Tower» diňiniň gurluşygy batly depginler bilen dowam edýär. Bu gökdirän diňe bir beýikligi bilen däl, eýsem binalaryň içerki meýdany boýunça hem dünýäde......