Apple düzüminde ýekeje işgäri bolan invrs.io startapyny satyn aldy

  • 27.02.2026 15:17
  • 1.9k+

Apple kompaniýasy Ýewropanyň invrs.io startapyny satyn aldy. Bu geleşigiň iň gyzykly tarapy — startapda ýekeje adam işleýär, olam onuň esaslandyryjysy Martin Şubert. Indi ol öz işini Apple-de dowam etdirýär.

Bu şertnama üçin amerikan kompaniýasynyň näçe pul çykarany mälim edilmedi.
Maglumatlara görä, Şubert öz startapyny 2023-nji ýylda esaslandyrypdyr. Kompaniýa emeli aňy ulanmak arkaly fotonika barlaglary we optika üçin açyk freýmworklary (programma üpjünçilik binýatlaryny) işläp düzýär.
Hünärmenler Apple kompaniýasy invrs.io startapynyň fotonika we optika pudagyndaky ylmy açyşlaryny diňe bir Vision Pro-da däl, eýsem geljekde çykaryljak beýleki VR we AR funksiýaly enjamlarynda hem giňden ulanyp biler diýip çaklaýar.
Öz kompaniýasyny esaslandyrmazdan ozal, Şubert Meta korporasiýasynda ylmy işgär bolup zähmet çekdi, şeýle-de Google we Micron-da ekranlaryň öňdebaryjy tehnologiýalaryny işläp düzmek bilen meşgullandy.


03.06.2026 15:15
3.4k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.2k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....

18.05.2026 14:48
3.9k+

Tehasda ilkinji gezek maglumat merkezleriniň gurluşygyna wagtlaýyn gadagançylyk girizildi

Tehas ştatynyň Hill okrugynyň ygtyýarlylar geňeşi oba ýerlerinde maglumat merkezleriniň gurluşygyny bir ýyl möhlet bilen togtatmak baradaky karary goldap ses berdi. Bu karar ştatyň taryhynda şeýle görnüşdäki......

17.05.2026 19:53
2.9k+

Gazagystanda emeli aň sebäpli 400 müň iş orny gysgaldylar

Gazagystanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň birinji wise-ministri Ýerbol Tuýakbaýewiň senatda geçiren brifinginde beren beýanaty boýunça, ýurtda geljek 10 ýylyň içinde emeli aňyň......