Göwün garramaýar... Ýaşy 100-den geçen 17 zenan wideojaň arkaly könäni ýatlaşdylar

  • 27.02.2026 15:03
  • 9.2k+

Ispaniýanyň Maximiliana startapy 100  we ondan hem uly ýaşly adamlar üçin umumy wideoaragatnaşyk duşuşygyny gurnady. Bu täsin duşuşyga ýurduň her awtonom birleşiginden bir wekil – jemi 17 zenan gatnaşdy. Bu barada RTVE habar berýär.

Gatnaşyjylaryň ählisiniň ýaşynyň jemi 1757 ýyla deň boldy. Olaryň arasynda iň ýaşy 100 ýaşyndaky kataloniýaly Mariýa Pakita, iň ulusy bolsa Kantabriýadan 111 ýaşly ýurduň iň köp ýaşly üç adamsynyň biri, monah uýa Rozario boldy.
Wideojaň wagtynda zenanlar öz ýaşlygy, maşgalalary we iň gowy görýän ýerleri barada gürrüň berdiler. Meselem madridli Pepita joralary bilen tansa gatnaýşy, milli «çotis» tansyny ýerine ýetirişi barada ýatlady. La-Riohaly Karmen hem geljekki adamsy bilen ilkinji gezek tans meýdançasynda tanyşandygyny aýtdy.

Mursiýaly Antoniýa öz toýy we iki çaganyň ejesi bolşy baradaky ýakymly pursatlary paýlaşdy. Kastiliýa-la-Mançaly Pakita özüniň dogduk Eskamilýa obasy barada we hemişe öýüne dolanmagy gowy görýändigi barada gürrüň berdi. Aragonly Karolina bolsa garrylar öýündäki durmuşy barada durup geçdi we işgärlere minnetdarlyk bildirdi.


Täsin çäräniň ahyrynda gatnaşyjylara ýadygärlik ýazgy tagtalary gowşuryldy. Taslamanyň esaslandyryjysy Horhe Terreu bolsa ajaýyp zenanlar üçin «Taryhly eller»  atly goşgusyny okap berdi.


Bu duşuşygy gurnan Maximiliana startapy ýörite garry adamlar üçin niýetlenen smartfonlary öndürýär. Bu enjamyň dizaýny çylşyrymly sazlamalary talap etmezden, ulanmak üçin örän aňsat görnüşdedir.


düýn 10:46
2.9k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......

12.06.2026 07:53
3.3k+

Rim papasy dünýäniň iň beýik ybadathanasynyň baş diňini keramatlaşdyrdy

Barselona şäherinde taryhy waka bolup geçdi: Rim papasy Lew XIV meşhur Keramatly Maşgala ybadathanasynda (Sagrada Familiýa) messa geçirdi we Isa pygamberiň diňini keramatlaşdyrdy....

11.06.2026 10:59
7.7k+

Çarli Çapline meňzeşleriň 400-den gowragy rekord goýmak üçin Şweýsariýa ýygnandy

Beýik aktýora iň köp meňzeşleriň ýygnanyşygy boýunça dünýä rekordyny täzelemek üçin 400-den gowrak kişi Çarli Çapliniň meşhur sergezdan keşbine girip, Şweýsariýada jemlendi....

08.06.2026 18:02
5k+

Las-Wegasda düşek örtgülerinden iň uly gala guruldy

Las-Wegasda mekdep okuwçylary we ýerli ýaşaýjylar düşek örtgülerini ulanmak arkaly dünýäde iň uly galany (fort) gurdy. Bu netije resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi....