2.3k+

Huawei Mate 80 smartfon hatarynyň suratlary resmi premýeradan öň internetde görkezildi

Huawei kompaniýasy Mate 80 hatarynyň 25-nji noýabrda hödürlenjekdigini resmi taýdan tassyklady. Şol gün kompaniýa Mate X7 eplenýän smartfonynyň täzelenen görnüşini hem görkezer. Şeýle-de, kompaniýa ilkinji tizeri hödürledi – suratda iki uly tegelek bolup, ol Mate 80-iň kamera modulynyň dizaýnyny we yzky paneldäki magnit elementini ýatladýar...

3k+

“Awatar: Ot we kül” filminiň ahyrky treýleri çykdy

Disney “Awatar: Ot we kül” (Avatar: Fire and Ash) blokbasteriniň ahyrky treýlerini hödürledi. Jeýms Kemeronyň epiki franşizasynyň üçünji bölümi 19-njy dekabrda dünýä prokatyna çykar. Täze filmde Jeýk Salli (Sem Uortington) we onuň maşgalasy Pandorada ýaşaýan Kül halky bilen ýüzbe-ýüz bolar...

3.1k+

Daşkentde Türkmenistanyň we Özbegistanyň kino günleri geçirildi

Daşkentde Milli Kino köşgünde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjanyň ylmy hem medeni toparlarynyň wekilleriniň, sungat işgärleriniň we ýaş ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda «Merkezi Aziýa ruhy miras we aň-bilim» atly halkara kongresiň çäginde türkmen we özbek filmleriniň görkezilişi bolup geçdi...

5k+

iPhone Air 2 2027-nji ýylyň ýazyndan ir çykmaz

Apple kompaniýasy iPhone Air 2 smartfonyny 2027-nji ýylyň ýazynda çykarmagy meýilleşdirýär. Bu barada Bloomberg-iň žurnalisti Mark Gurman habar berdi. Smartfon kompaniýanyň ultra inçe smartfonlarynyň hataryny dowam etdirer we Apple-iň ilkinji 2 nanometrlik platformasyna eýe bolar...

10k+

Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty (17.11 - 23.11)

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi. Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda az-kem ýagyş ýagar...

2.2k+

“Garri Potteriň” ýyldyzy Alan Rikmanyň şahsy goşlary auksiona çykarylar

“Garri Potterden” Sewerus Sneýpiň keşbi bilen has tanalýan aktýor Alan Rikmanyň şahsy goşlary Londondaky Propstore auksionyna çykarylar. The Guardian neşiri olaryň arasynda “Ýanbermez” (Крепкий орешек) we “Garri Potter” filmleriniň ssenarileriniň hem bardygyny habar berýär...

3.2k+

Mask Grok 5-iň çykmagyny geljek ýyla süýşürdi. EA-ny adam derejesine ýetirmek meýilleşdirilýär

Ilon Mask xAI startapynyň Grok çat-botunyň täze wersiýasy bolan Grok 5-iň ozal meýilleşdirilişi ýaly 2025-nji ýylyň ahyrynda däl-de, indiki ýylyň birinji çärýeginde çykjakdygyny habar berdi. Onuň aýtmagyna görä, goşmaça okuwlardan soň täzelenen model ähli bäsdeşlerinden öňe geçip, hatda 10% ähtimallyk bilen adam aňynyň derejesine ýetip biler...

2k+

Grokipedia işe girizilenden tiz wagtdan soň gyzyklanmanyň pese gaçmagy bilen ýüzbe-ýüz boldy

Ilon Maskyň oktýabrda işe girizilen Grokipedia onlaýn ensiklopediýasy auditoriýanyň uly bölegini derrew ýitirdi. Gysga wagtyň içinde saýtyň iň ýokary trafigi 90%-den gowrak azaldy. Similarweb-iň maglumatlaryna görä, ABŞ-da saýta girýänleriň iň ýokary derejesi 28-nji oktýabrda boldy we 460 000-den gowrak giriş hasaba alyndy, ýöne häzir saýta günde, takmynan, 30 000 adam girip görýär...

1.7k+

“Astral-6” filmi düşürilip tamamlandy: ol 2026-njy ýylyň awgustynda ekrana çykar

“Astral-6” filminiň düşürilişi tamamlandy. Bu barada režissýor Jeýkob Çeýz sosial ulgamlarda habar berip, aktýorlar düzümine we düşüriji topara bitiren işleri üçin minnetdarlyk bildirdi. Sýužet barada maglumatlar entek gizlin saklanýar, ýöne bu gezek wakanyň üns merkezinde arwahdyr jynlary öwreniji Elis Raýneriň boljakdygy belli...

4.6k+

Mask: Ýene-de 20 ýyldan adamlar aňlaryny robotlara geçirip bilerler

Tesla we Neuralink kompaniýalarynyň baş direktory Ilon Mask takmynan 20 ýyldan soň adamlaryň öz "menini" — ýatlamalaryny, başarnyklaryny we duýgularyny — androide geçirip biljekdigini çaklady. Onuň sözlerine görä, bu iki taslamanyň: Neuralink-iň neýrointerfeýsleriniň we Tesla-nyň Optimus gumanoid robotlarynyň utgaşdyrylmagy arkaly gazanylar...

2.6k+

"Melgun Prada geýýär" filminiň dowamynyň tizer treýleri çykdy

20th Century Studios-yň YouTube kanalynda “Melgun Prada geýýär 2” filminiň ilkinji tizer treýleri çykdy. Filmiň kinoteatrlardaky görkezilişi 2026-njy ýylyň 1-nji maýyna meýilleşdirilýär. Täze film Dewid Frenkeliň meşhur komediýasynyň dowamy bolar...

4.9k+

Kim Kardaşýanyň "Skims" brendi 5 milliard dollara durýar

Kim Kardaşýanyň Skims egin-eşik brendi maýa goýumlaryň täze tapgyrynda 225 million dollar toplady. Reuters habarlar gullugynyň habaryna görä, bu şertnamadan soň kompaniýanyň bahasy 5 milliard dollara galdy. Habar beriş serişdeleriniň çaklamalaryna görä, Skims häzirki wagtda bazar kapitalizasiýasy takmynan 2,86 milliard dollar bolan esasy bäsdeşi Victoria's Secret-den takmynan iki esse gymmat...

1.5k+

“Super Mario” multfilminiň dowamynyň treýleri çykdy

Nintendo-nyň resmi YouTube kanalynda "Doganlar Super Mariolar Galaktikada" (The Super Mario Galaxy Movie) multfilminiň treýleri çykdy. Meşhur animasiýa blokbasteriniň dowamy 2026-njy ýylyň aprelinde çykar. Film 2007-nji ýylda Wii konsolynda çykan Super Mario Galaxy wideo oýnunyň motiwlerine esaslanýar...

1.1k+

"Google Suratlar" indi äýnegi aýryp, suratlardaky ýüz keşbi üýtgedip biler

Google kompaniýasy täze EA mümkinçilikleri bolan “Google Suratlar” programmasyna täzelenme çykardy. Indi ulanyjylar fotosuratlardaky detallary redaktirläp bilerler, mysal üçin äýnekleri aýryp, ýylgyryş goşup ýa-da suratdaky adam surata düşen wagty gözüni ýuman bolsa, ony açyp biler...

1.1k+

Pixar “Oýunjaklaryň taryhy 5-iň” ilkinji tizer-treýlerini çykardy

Pixar studiýasynyň resmi YouTube-kanalynda “Oýunjaklaryň taryhy 5” multfilminiň ilkinji tizer-treýleri goýberildi. Film 2026-njy ýylyň 19-njy iýunynda dünýä derejesinde çykarylar. Gysga rolikde tomaşaçylara täze gahryman - Lilipad atly planşet hödürlendi...

3.8k+

Apple we dizaýner Isseý Miýake adaty bolmadyk iPhone-lar üçin adaty bolmadyk daşlyk-haltajyk döretdiler

Apple ýapon dizaýneri Isseý Miýake bilen hyzmatdaşlykda iPhone üçin özboluşly, torly torbany ýatladýan iPhone Pocket daşlyk-haltajygyny çykardy. Aksessuaryň dizaýny modelýeriň “mata bölegi” (a piece of cloth) - dürli görnüşde göterip boljak ýönekeý, köp taraply we üýtgäp bilýän zat hakyndaky düşünjesinden ylhamlanýar...

2.7k+

Stiwen Kingiň “Ylgaýan adam” romanynyň ekranlaşdyrmasy dünýä prokatyna çykdy

14-nji noýabrda Stiwen Kingiň “Ylgaýan adam” (Бегущий человек) romany boýunça düşürilen adybir filmiň global premýerasy boldy. Film eýýäm ABŞ-da, Kanadada we başga birnäçe ýurtda görkezilýär. Filmiň sýužeti antiutopik totalitar ABŞ-da ýaşaýan Benjamin Riçards barada gürrüň berýär...

2.3k+

Call of Duty: Black Ops 7 çykdy

14-nji noýabrda Activision kompaniýasynyň Call of Duty oýnunyň täze bölümi Call of Duty: Black Ops 7 çykdy. Oýun PK-da we konsollarda elýeterli, şeýle-de PC Game Pass we Game Pass Ultimate ýazylyşyklaryna goşuldy...

1.1k+

Disney ulanyjylar üçin emeli aň kontentini döretmek funksiýasyny taýýarlaýar

Disney wideo döretmek üçin öz neýroulgamyny işe girizmegi meýilleşdirýär. Ol Disney+ ulanyjylaryna kontent döretmek mümkinçiligini berer. Bu barada korporasiýanyň ýolbaşçysy Bob Aýger maliýe ýylynyň jemi boýunça konferensiýa jaňynda habar berdi diýip, The Hollywood Reporter belleýär...

4.7k+

Heýkeltaraş Babasary Annamyradow "Geljegiň mirasy" halkara baýragynyň eýesi boldy

Türkmenistanyň halk suratkeşi, heýkeltaraş Babasary Annamyradow «Geljegiň mirasy» (“Келажак мероси”) halkara baýragy bilen sylaglanyldy. Baýragy gowşurmak dabarasy Daşkent şäherindäki Yslam medeniýetiniň merkezinde Özbegistanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň we Täjigistanyň Prezidentleriniň gatnaşmagynda geçirildi...

2.1k+

ChatGPT-de toparlaýyn çatlar peýda boldy

OpenAI kompaniýasy ChatGPT-de toparlaýyn çatlary synagdan geçirmäge başlady. Täze funksiýa EA bilen söhbetdeşlige dostlaryňy, garyndaşlaryňy ýa-da kärdeşleriňi goşmaga mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda ol Ýaponiýadaky, Günorta Koreýadaky we Taýwandaky ulanyjylar üçin elýeterlidir...

4.7k+

Napoleonyň Waterloo söweşinde ýitirilen tumary 4,4 mln dollara satyldy

Napoleon Bonapartyň Waterloo söweşinde fransuz goşuny ýeňlenden soň ýitiren göwher tumary 3,5 mln Şweýsariýa frankyna (4,4 mln ABŞ dollary) satyldy. Bu barada Sotheby’s auksion öýüniň saýtynda habar berilýär. Harydyň başlangyç bahasy 120 – 200 müň frank boldy...