Peruda çimu halkyna degişli iki kilometrlik dabara ýoly tapyldy

  • 04.03.2026 14:33
  • 1.8k+

Arheologlar Perunyň demirgazyk bölegindäki Çikama jülgesinde çimu halky tarapyndan 1100–1470-nji ýyllar aralygynda döredilen iki kilometrlik geoglif (ýeriň ýüzüne çekilen äpet uly surat), ybadathana meýdançasy we 100 gektardan gowrak gadymy ekerançylyk ýerini tapdylar.

Binagärlik toplumynyň esasy bölegi daş bilen düşelen dabaraly ýol hasaplanýar. Bu ýol jülgelerden geçip, berkitmeli Serra-Leskano galasyny meýdanlar bilen baglanyşdyrýar we Serra-Tres-Krusese tarap uzalyp gidýär.

«Bu çimu halkynyň ýaşaýyş ýerleriniň iň aýdyň mysalydyr. Bu ýerde infrastruktura mukaddes ýerleri we ekerançylyk zolaklaryny gönümel baglanyşdyrýar»  diýip, arheolog Genri Tantalean belleýär. Şeýle-de daglaryň depeleri ýerli mukaddeslikler hökmünde çykyş edip, dabaraly ýoly landşaft we meýdanlar bilen birleşdirip bilerdi diýlen çaklama hem bar.

Alymlar dronlaryň kömegi bilen meýdanlaryň 100 gektardan gowrak ýeri tutýandygyny, olaryň Uly Kumbre kanalyndan suw alýandygyny anykladylar. Meýdanlarda daşdan ýasalan kätmenler hem tapyldy. Topragyň nusgalaryny bolsa onda ozal näme ösdürilip ýetişdirilendigini anyklamak üçin seljermäge iberildi.

Toplumyň merkezi meýdançasynda geçirilen dabaralar din bilen ekerançylygyň berk baglanyşyklydygyny görkezýär. Häzirki zaman tehnologiýalary bu ýadygärligi ýokary takyklykda bellige almaga mümkinçilik berdi. Ýöne adamlaryň hereketleriniň artmagy onuň goralmagyna howp salar diýen aladany döredýär.


şu gün 12:29
2.2k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

10.06.2026 08:53
3.5k+

Alymlar 5300 ýyllyk mumiýadan alnan gury maýadan çörek bişirdi

Alymlar Italiýanyň Alp daglaryndan tapylan 5300 ýyllyk mumiýa Etsiniň üstünden alnan gury maýany (drož) ulanmak arkaly hamyrmaýa taýýarlap, çörek bişirdi. Bu tejribe barada «Daily Mail» neşiri habar berýär....

07.06.2026 20:06
3.5k+

Norwegiýada XI asyra degişli kümüş teňňelerden ybarat uly göwrümli hazyna tapyldy

Norwegiýaly arheologlar Rena şäheriniň golaýyndaky meýdançada wikingler döwrüne degişli bolan 4772 sany kümüş teňňeden ybarat gymmat bahaly hazynany ýüze çykardylar....

05.06.2026 11:37
3.8k+

Notr-Dam ybadathanasynyň aşagyndan 1700 ýyllyk gadymy tapyndylar ýüze çykaryldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň öňündäki meýdançada geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda arheologlar ýaşy 1700 ýyla ýetýän ýüzlerçe gadymy tapyndyny ýüze çykardylar. Bu tapyndylar rim döwrüne, irki......