Hytaý ortaça ömür dowamlylygyny 80 ýaşa ýetirmegi meýilleşdirýär

  • 06.03.2026 18:23
  • 7k+

Hytaý 2026–2030-njy ýyllar üçin niýetlenen bäşýyllyk meýilnamanyň çäklerinde ilatyň ortaça ömür dowamlylygyny 80 ýaşa ýetirmegi maksat edinýär. Bu barada Hytaý Halk Respublikasynyň Saglygy goraýyş baradaky döwlet komitetiniň başlygy Leý Haýçao mälim etdi.

Onuň aýtmagyna görä, 2024-nji ýylyň ahyryna çenli ýurtda ortaça ömür dowamlylygy 79 ýaşa ýetdi. Hytaý geljek bäş ýylyň dowamynda bu görkezijini ýene bir ýyl artdyrmagy göz öňünde tutýar.

Resmi wekil bu barada Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň 20-nji çagyryşynyň dördünji mejlisinden soň habar berdi. Mejlisde ýurdy ösdürmegiň 15-nji bäşýyllyk meýilnamasyny taýýarlamak boýunça maslahatlar tassyklanyldy.

Bu meselede keselleriň öňüni almak esasy ugurlaryň biri bolar. Häkimiýetler maşgala lukmanlarynyň ulgamyny ösdürmegi, sagdyn durmuş ýörelgesi baradaky bilimleri ýaýratmagy, şeýle hem agramyň, gan basyşynyň, gandaky lipidleriň we şeker derejesiniň gözegçiligini güýçlendirmegi meýilleşdirýär. Hroniki kesellere — ýürek-damar kesellerine, rak keseline, dem alyş ýollarynyň kesellerine we süýji keseline garşy göreşe aýratyn üns berler. Mundan başga-da, ilkinji lukmançylyk kömegini berkitmek we telemedisinany ösdürmek göz öňünde tutulýar.

Garry adamlara ideg etmek ulgamyna hem aýratyn ähmiýet berler. Hytaýda ýaşy uly raýatlaryň 310,31 milliony ýaşaýar — bu ilatyň, takmynan, 22%-ine deňdir. Raýat administrasiýasy ministrliginiň maglumatlaryna görä, 2024-nji ýylyň ahyryna çenli ýurtda garrylar üçin tas 8 million orunlyk 406 müň sany edara we desga işledi, dürli kömek pullaryny bolsa 49,45 million adam aldy.


düýn 14:01
6.2k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....

10.06.2026 08:04
9.3k+

Hytaýly raýat 32 gaty bolan binanyň 34-nji gatyndan öý satyn aldy

Hytaýyň Şensi welaýatynyň ýaşaýjysy ahyrynda binada bary-ýogy 32 gatyň bardygy belli bolandan soň, gurulýan binanyň 34-nji gatyndan satyn alan öýi üçin tölän serişdelerini kazyýet arkaly yzyna almaly boldy....

04.06.2026 18:42
5.6k+

Haýnan şäherinde äpet tüweleý şekilindäki Ylym muzeýi açyldy

Hytaýyň Haýnan adasyndaky Haýkou şäherinde 46 528 inedördül metrlik medeni we bilim merkezi bolan Haýnan Ylym muzeýiniň gurluşygy tamamlandy. Ol Uýuan derýasynyň Milli suwluk-batgalyk seýilgähiniň gyrasynda......

28.05.2026 21:19
4.2k+

ÝB howply oýunjaklary sebäpli Temu internet dükanyna 200 million ýewro jerime saldy

Ýewropa Komissiýasy Hytaýyň meşhur Temu internet dükanyna 200 million ýewro uly jerime saldy. Muňa marketpleýs üsti bilen bäbekler üçin howply oýunjaklaryň we döwük-ýenjik zarýad berijileriň satylmagy sebäp......