GIF ýazgylary we şahsy çatlaryň goragy: Telegram-da näme üýtgedi?

  • şu gün 12:15
  • 460

Telegram 2026-njy ýylyň ilkinji bahar täzelemesini — 12.5 wersiýasyny çykardy. Bu täzelenme hem Premium agzalary, hem mugt ulanýanlary täze mümkinçilikler bilen begendirdi. Olardan iň esasy üýtgeşmeler:

Şahsy çatlarda göçürmegi gadagan etmek:

Premium ulanyjylar indi şahsy ýazmalaryň (çatlaryň) mazmunyny göçürmegi gadagan edip bilerler. Bu funksiýa açyk wagty söhbetdeşiňiz hatlaryňyzy başga ýere ugradyp ýa-da göçürip, ekran suratyny (skrinşot) alyp we mediafaýllary ýatda saklap bilmez. Muny işletmek üçin ulanyjynyň profiline giriň we ⋯ ýa-da ⋮ düwmesine basyň we «Göçürmegi gadagan et» diýen bölümi saýlaň.

Toparlarda agzalaryň tegleri:

Toparçalaýyn çatlarda indi adyňyzyň ýanynda ýörite teg goýup bolýar. Siz onda wezipäňizi ýa-da gyzyklanmalaryňyzy görkezip bilersiňiz. Bu funksiýany administratorlar dolandyrýar.

GIF-ler üçin ýazgylar we stikerler:

Indi GIF-leri ibereniňde, edil suratlar ýaly, olaryň aşagyna ýa-da ýokarsyna ýazgy goşup bolýar. Mundan başga-da çalt stiker ýasamak mümkinçiligi-de bar we onda islendik suraty bir dürtmek arkaly stikere öwrüp bolýar. Ony ibermezden ozal kesip, üstüne tekst ýa-da emoži hem goşup bolýar.

Redaktirlemek:

GIF-leri we stikerleri indi Telegram-yň öz içinde kesmek, gysgaltmak we bezemek mümkin.

Telegram arkaly hasaba girmek:

Indi dürli saýtlara we goşundylara aýry-aýry parol tapyp ýörmek gerek däl. Telegram hasabyňyz arkaly çalt agza bolup we girip bolýar. Islegiňe görä, saýt bilen telefon belgiňi paýlaşyp, bildirişleri göni Telegrama hem alyp bolýar.

Beýleki ownuk, emma peýdaly täzelikler:

Soragnamalar – indi her bir gatnaşyjynyň haýsy wagtda ses berendigini görüp bolýar

Akylly botlar – Botlar indi jogaplary taýýar bolşuna görä, bölek-bölek (ýazylýan ýaly) görkezip bilýärler.

Sene format – Hatdaky senäni basyp, ony göni kalendaryňyza goşup ýa-da ýatlatma goýup bilersiňiz.

Bu täzelenmeler Telegram-y diňe bir habarlaşma guralyna däl-de, eýsem hakyky iş we durmuş kömekçisine öwürýär.


20.02.2026 11:52
740

Telegram şahsy çatlarda habar göçürmegi gadagan etmäge taýýarlanýar

Messenjer şahsy hat alyşmalaryň gizlinligini has-da güýçlendirjek täze funksiýany synagdan geçirýär. Indi ulanyjylar diňe bir kanallarda däl, eýsem özara çatlarda-da maglumatlaryň ýaýradylmagynyň öňüni alyp bilerler...

17.02.2026 15:30
2.1k+

Uly tükelleýiş: Telegram bir gije-gündiziň içinde 230 müňden gowrak kanaly we topary öçürdi

​Telegram messenjeri platformanyň düzgünlerini bozanlygy sebäpli 24 sagadyň içinde 230 müňden gowrak kanaly we topary bloklady. ​Bloklananlaryň arasynda kezzapçylyk shemalary, gadagan edilen kontentleri ýaýratmak, şeýle hem terrorçylykly ugurdaky işler bilen baglanyşykly jemgyýetçilik toparlary bar...

28.01.2026 10:44
2.6k+

Telegram-yň esaslandyryjysy WhatsApp-y we onuň şifrleme ulgamyny tankytlady

​Telegram-yň esaslandyryjysy Pawel Durow  WhatsApp messenjeriniň howpsuzlyk ulgamyndaky meseleleri görkezip, ony açyk görnüşde tankytlady. ​«2026-njy ýylda WhatsApp-yň howpsuzlygyna ynanmak üçin doly akmak bolmaly...

10.12.2025 11:31
1.2k+

Telegram akkaunta Passkey arkaly girmek mümkinçiligini döretdi

Telegram messenjeri akkaunta girmegiň täze usulyny girizdi: indi muny giriş açarynyň (Passkey) kömegi bilen amala aşyryp bolýar diýip, «Kommersant» neşiri habar berýär. Täze funksiýanyň netijesinde ulanyjylara akkaunta girende SMS koduny ýa-da paroly ulanmak gerek däl...