Telegram şahsy çatlarda habar göçürmegi gadagan etmäge taýýarlanýar

  • şu gün 11:52
  • 165

Messenjer şahsy hat alyşmalaryň gizlinligini has-da güýçlendirjek täze funksiýany synagdan geçirýär. Indi ulanyjylar diňe bir kanallarda däl, eýsem özara çatlarda-da maglumatlaryň ýaýradylmagynyň öňüni alyp bilerler.

Beta Info Telegram kanalynyň habar bermegine görä, täze funksiýa işjeňleşdirilen wagty, hatyň tekstini göçürmek, suratlary/wideolary ýatda saklamak we olary başga birine (şol sanda "Saýlananlar" bölümine) ibermek mümkin bolmaz.
Häzirki wagtda bu mümkinçilik iOS ulgamy üçin Telegram-yň 12.5 (32413) beta wersiýasynda peýda boldy. Ony işletmek üçin habarlaşýan adamyňyzyň profilini açmaly; "Edit" (Üýtgetmek) bölümine girmeli; "Restrict Copying" (Göçürmegi petiklemek) funksiýasyny saýlamaly.
Täze täzelenmede peýda boljak ýene bir oňaýlylyk — seneleriň we wagtyň awtomatiki tanalmagydyr. Messenjer hatyň içindäki "şu gün", "ertir" ýaly sözleri ýa-da anyk seneleri tapawutlandyryp görkezer. Şol senäniň üstüne basmak arkaly gönüden-göni ýatlatma (reminder) döredip bolar.
Topar çatlarynda döredilen ýatlatmalar ulanyjynyň "Saýlananlar" (Saved Messages) bölümine geler. Bu bolsa toparyň bildirişleri öçük bolsa-da, möhüm senäni sypdyrmazlyga kömek eder.
Häzirki wagtda bu funksiýalar synag tapgyrynda bolup, käte durnuksyz işlemegi mümkin. Adatça, Telegram her aýda bir gezek uly täzelenme çykarýar, şonuň üçin bu täzelikleriň ýakyn wagtlarda ähli ulanyjylar üçin elýeterli bolmagyna garaşylýar.


17.02.2026 15:30
2k+

Uly tükelleýiş: Telegram bir gije-gündiziň içinde 230 müňden gowrak kanaly we topary öçürdi

​Telegram messenjeri platformanyň düzgünlerini bozanlygy sebäpli 24 sagadyň içinde 230 müňden gowrak kanaly we topary bloklady. ​Bloklananlaryň arasynda kezzapçylyk shemalary, gadagan edilen kontentleri ýaýratmak, şeýle hem terrorçylykly ugurdaky işler bilen baglanyşykly jemgyýetçilik toparlary bar...

28.01.2026 10:44
2.6k+

Telegram-yň esaslandyryjysy WhatsApp-y we onuň şifrleme ulgamyny tankytlady

​Telegram-yň esaslandyryjysy Pawel Durow  WhatsApp messenjeriniň howpsuzlyk ulgamyndaky meseleleri görkezip, ony açyk görnüşde tankytlady. ​«2026-njy ýylda WhatsApp-yň howpsuzlygyna ynanmak üçin doly akmak bolmaly...

10.12.2025 11:31
1.2k+

Telegram akkaunta Passkey arkaly girmek mümkinçiligini döretdi

Telegram messenjeri akkaunta girmegiň täze usulyny girizdi: indi muny giriş açarynyň (Passkey) kömegi bilen amala aşyryp bolýar diýip, «Kommersant» neşiri habar berýär. Täze funksiýanyň netijesinde ulanyjylara akkaunta girende SMS koduny ýa-da paroly ulanmak gerek däl...

30.10.2025 13:23
3k+

Pawel Durow hasaplaýyş güýçlerini paýlaşmak üçin täze Cocoon taslamasyny işe girizýär

Telegram-yň esaslandyryjysy Pawel Durow täze taslamany – merkezleşdirilmedik Cocoon hasaplaýyş toruny hödürledi. Onuň tanyşdyrylyşy 29-njy oktýabrda Dubaýdaky forumda geçirildi. Cocoon (“Kokon”) ady – bu Confidential Compute Open Network-dan (“Gizlin hasaplaýyş tory”) gysgaltmadyr...