2040-njy ýyla çenli dünýäde semizligi bolan çagalaryň sany 227 milliona ýetip biler

  • 05.03.2026 19:24
  • 4.9k+

 

2040-njy ýyla çenli dünýäde semizligi bolan çagalaryň we ýetginjekleriň sany 227 milliona ýetip biler. Bu çaklama Bütindünýä semizlik federasiýasynyň (WOF) täze hasabatynda beýan edilýär. Hasabat her ýylyň 4-nji martynda bellenilýän Bütindünýä semizlige garşy göreş güni bilen baglylykda hödürlendi. 
Guramanyň hasaplamalaryna görä, häzirki wagtda bütin dünýäde semizlikden ejir çekýän çagalaryň sany, takmynan, 180 milliona deňdir.

WOF-yň bellemegine görä, semizligi bolan çagalarda ýürek-damar ulgamynyň bozulmalary, süýji keseli we bagyr keselleri ýaly keselleriň başlangyç alamatlary has ýygy-ýygydan ýüze çykýar. Hünärmenleriň çaklamasyna görä, 2040-njy ýyla çenli mekdep ýaşyndaky azyndan 120 million çaga bedeniň agram indeksiniň (BAI) ýokary bolmagy bilen baglanyşykly hroniki keselleriň irki alamatlary bilen ýüzbe-ýüz bolup biler.
BAI görkezijisi ýokary bolan çagalaryň sany boýunça Hytaý (62 mln) we Hindistan (41 mln) öňde barýar. ABŞ-da şeýle çagalaryň sany 27 milliona, Beýik Britaniýada bolsa 3,8 milliona deňdir, bu bolsa Fransiýadakydan ýa-da Italiýadakydan iki esse köpdür.
Çaga semizliginiň derejesi, esasan, durmuş ýagdaýy pes we ortaça bolan döwletlerde has çalt ýokarlanýar. Şol bir wagtyň özünde, semiz çagalaryň paýy iň ýokary bolan 10 döwlet Günbatar Ýuwaş umman sebitinde we Amerikada ýerleşýär.
Federasiýanyň hünärmenleri çagalaryň arasynda semizligiň artmagynyň birnäçe esasy sebäplerini görkezýär: çaga dogurmaga ukyply ýaşdaky zenanlarda semizligiň ýa-da süýji keseliniň bolmagy, göwrelilik wagtynda çilim çekmek, ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň ýeterlik bolmazlygy, çagalar baglarynda we mekdeplerde deňagramlaşdyrylmadyk iýmitleniş, düzüminde şeker we şekeriň ornuny tutýan maddalar köp bolan önümleriň ýygy-ýygydan kabul edilmegi, pes fiziki işjeňlik we iýmitde aşa gaýtadan işlenen önümleriň köp bolmagy.
WOF ýurtlaryň hökümetlerini semizligiň öňüni almaga, anyklamaga we bejerilmegine has uly üns bermäge, bilim edaralarynda iýmitlenişi gowulandyrmaga hem-de çagalaryň we ýetginjekleriň arasynda fiziki işjeňligi goldamaga çagyrdy.


17.06.2026 11:24
7k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 18:40
6.4k+

Şweýsariýada ilatyň sanyny çäklendirmek boýunça referendum geçirildi: raýatlar garşy çykdy

Şweýsariýanyň raýatlary 14-nji iýunda geçirilen referendumda ýurduň hemişelik ilatynyň sanyny 10 million adama çenli çäklendirmek baradaky başlangyja garşy ses berdi. Bu barada Şweýsariýanyň SRG SSR milli......

03.06.2026 18:12
6.8k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......

29.05.2026 00:09
3.1k+

Genetikanyň reňk öwüşgini: howanyň we mesgeniň gözüň reňkine täsiri

Edil barmak yzlary ýaly, gözüň reňki hem ynsanyň özboluşlylygyny görkezýän üýtgeşik bir alamatdyr. Munuň özeni görejiň dürli reňkli perdesinde saklanýan dury himiki madda — melanin pigmentine daýanýar. Ýöne bu......