«Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy

  • 05.03.2026 20:44
  • 1.1k+

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýanyndaky «Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky ikinji sany okyjylara gowuşdy.
Neşiriň bu sany türkmen bedewiniň waspyna, sportuň ähmiýetine we döwrebap bilim ulgamynyň meselelerine bagyşlanan «Türkmen bedewi – belent ösüşleriň nusgasy», «Sport – ýaşlygyň ýarany» we «Başlangyç synpda ünslüligi ösdürmegiň esaslary» ýaly makalalar bilen açylýar.


Žurnalda kazyýet ulgamy we halkara hukuk tejribesi ýaly ugurlar boýunça hünärmenleriň makalalaryna hem giň orun berlipdir. Mundan başga-da, neşirde okyjylara diplomatiýa, ykdysadyýet hem-de iňlis dilinde Magtymguly Pyragynyň döredijilik dünýäsi baradaky çykyşlar hödürlenilýär.

Edebiýat muşdaklary üçin häzirki zaman şahyrlarynyň şygyrlary, Keýmir serdar baradaky makala we mart aýynyň täleýnamasy žurnalyň mazmunyny has-da baýlaşdyrýar. Ahyrky sahypalarda «Ýaş waspçy» döredijilik bäsleşiginiň ýeňijisi bilen tanyşdyrylyp, täze döredijilik bäsleşigi yglan edilýär.


düýn 23:12
884

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

düýn 14:28
896

Fransiýada Mosartyň kompozisiýalarynyň garalamasy bolan depderi tapyldy

Awstriýaly kompozitor Wolfgang Amadeý Mosartyň arfa we fleýta üçin ýazylan ýedi sany pýesasy bolan depderi Fransiýanyň Milli kitaphanasynyň (BnF) Pariždäki gözegçisi tarapyndan tapyldy. Bu barada Agence......

21.06.2026 21:09
1.1k+

Apple Music-iň 11 ýyllygy mynasybetli iň köp diňlenen artistleriň reýtingi düzüldi

Apple Music hyzmatyň taryhynda iň köp diňlenilen 20 ýerine ýetirijiniň sanawyny hödürledi. Bu reýting 2015-nji ýylyň 30-njy iýunynda işe girizilen aýdym-saz platformasynyň 11 ýyllygynyň öň ýanynda peýda boldy.......

21.06.2026 10:39
5.8k+

Aktýor Çary Berdiýew Mariý halkara kinofestiwalynyň baýragyna mynasyp boldy

Türkmenistanyň we Özbegistanyň kinematografiýaçylary tarapyndan bilelikde döredilen «Magtymguly Pyragy» filmi 2026-njy ýylyň 15-19-njy iýuny aralygynda Ýoşkar-Olada (RF-iň Mariý El Respublikasy) geçirilen I......