Adaty wakalaryň getirýän şatlygy: žurnalist bagtyň interaktiw kartasyny döretdi

  • 07.03.2026 13:48
  • 3.8k+

Amerikaly žurnalist we suratkeş Elwin Çang dürli ýaşdaky we dürli ýurtlardaky adamlaryň paýlaşan bagtly pursatlarynyň taryhyny görkezýän interaktiw karta bolan Happy Map-i döretdi.

Bu karta halkara alymlar topary tarapyndan 2017-nji ýylda geçirilen barlaga esaslanýar. Olar ýörite programma arkaly gatnaşyjylardan: "Soňky 24 sagadyň dowamynda we soňky üç aýyň dowamynda sizi bagtly eden zat näme?" diýip soradylar.

Pikirsoraşma Hindistandan, Kanadadan, ABŞ-dan, Wenesueladan, Beýik Britaniýadan we beýleki ýurtlardan 10 müňden gowrak adam jogap berdi. Jemi takmynan 100 müň habar ýygnaldy.

Çang: "Dünýä maňa gaty durnuksyz ýaly görünýär we käwagt bagtyň nämedigini hem ýatdan çykarýaryn. Men adamlary nämäniň bagtly edýändigine has gowy düşünmek üçin bu maglumatlary öwrendim" diýip düşündirdi.

Onuň döreden kartasynda "bagt arhipelagynyň" demirgazygy kiçijik, gysga wagtlyk şatlyk pursatlaryny görkezýär: gowy görýän tagamyň, kinoteatra gitmek, dostlaryň bilen wagt geçirmek. Mysal üçin, gatnaşyjylaryň biri, 72 ýaşly erkek kişi, ýaşyna garamazdan, goňşusynyň goşlaryny ammara göçürmäge kömek edip bilendigine begenipdir.

Kartanyň günorta bölegi wagt we tagalla talap edýän bagty — okuwy, karýerany, şahsy ösüşi aňladýar. Günbatar bölegi başgalar bilen baglanyşykly şatlyklary — söýgini, maşgalany, sowgatlary aňladýar. Gündogar tarapy bolsa öz döredýän lezzetlerimizi — täze hobbilerimizi, satyn alan zatlarymyzy, döredijiligi we hojalyk hakdaky aladany görkezýär.

Barlaga gatnaşyjylaryň boýun almalarynyň käbir gyzykly mysallary:

  • "Geçen hepde, men agşama çenli işlänimde, adamym agşamlyk naharyny bişiripdir we ähli gap-gaçlary ýuwupdyr."
  • "Iş boýunça duşuşygyň ýatyrylandygyna we biraz dynç alyp bilendigime begendim."
  • "Şu gün gaty gowy gün boldy, howa-da ajaýyp, keýpimem çag. Men diňe aýlanyp, durmuşdan lezzet alyp bilýändigime begenýärin."
  • "Men itim bilen seýilgähe gezelenje çykdym we biz wagtymyzy örän gyzykly geçirdik."
  • "Halaýan ýigidim urşup, köp wagtlap gürleşmän gezenimizden soň, maňa söýýändigini aýtdy."
  • "Agtyklarym meni görmäge geldi we biz tä günortana çenli bile oýnadyk."
  • "Men iň gowy dostuma özbaşdak öwrenmäge başlan daşary ýurt dilimde hat ýazdym."
  • "Men bäş düýp bägül nahalyny ekdim."
şu gün 07:53
1.6k+

Rim papasy dünýäniň iň beýik ybadathanasynyň baş diňini keramatlaşdyrdy

Barselona şäherinde taryhy waka bolup geçdi: Rim papasy Lew XIV meşhur Keramatly Maşgala ybadathanasynda (Sagrada Familiýa) messa geçirdi we Isa pygamberiň diňini keramatlaşdyrdy....

şu gün 01:36
2.6k+

Lebap welaýatynda migrasiýa gullugynyň işgärleri üçin ýaşaýyş jaýy gurlar

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Döwlet migrasiýa gullugynyň Lebap welaýaty boýunça müdirliginiň etrap bölüminiň işgärleri üçin gulluk ýaşaýyş jaýynyň taslamasyny düzmek, ony gurmak, ýanaşyk......

düýn 23:59
4.2k+

Howlukmaçlyk edilipdir: kompaniýalar emeli aň sebäpli boşadan işgärlerini yzyna çagyrýarlar

Işewürlik dünýäsi «EA-bumerang» diýlip atlandyrylýan garaşylmadyk täze bir ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Emeli aňy ornaşdyrmak we işi awtomatlaşdyrmak üçin işgärlerini köpçülikleýin işden çykaran kompaniýalar......

düýn 23:54
928

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......