Psihologlar çagalaryň haýsy ýaşda hünärler baradaky düşünjeleri özleşdirip başlaýandygyny anykladylar

  • 06.03.2026 15:30
  • 3.4k+

Täze barlag çagalaryň ýedi ýaşyndaka ylym, tehnologiýa, inženerçilik we matematika bilen baglanyşykly kärleri saýlamagyň ähtimallygy baradaky stereotipleri özleşdirip başlaýandygyny görkezdi. Bu garaýyşlar olaryň geljekde kär saýlamagyna täsir edip biler.

Bu barada Journal of Experimental Child Psychology-de çap edilen ylmy makalada aýdylýar.

Alberta uniwersitetiniň psihology Ketrin Luken Raz we onuň topary dürli jynsly hem-de etniki gelip çykyşly 7 ýaşdan 12 ýaşa çenli 842 çagadan sorag etdiler. Çagalardan deň-duşlarynyň takyk ylym ugurlary bilen baglanyşykly kärleri saýlamagynyň ähtimallygy barada soraldy.

Barlagda çagalaryň köpüsiniň gyzlaryň köplenç alym däl-de, lukman bolmagynyň mümkindigine ynanýandygy anyklanyldy. Şeýle-de bolsa, gyzlaryň, oglanlara garanda, öz deň-duş joralarynyň ylym bilen bagly kärleri saýlap biljekdigine ynanýandygy anyklandy.

Öňki barlaglar hem ylym we tehnologiýa derslerine bolan gyzyklanmanyň başlangyç synplarda, esasanam sosial taýdan kynçylyk çekýän toparlaryň okuwçylarynyň arasynda pese gaçýandygyny görkezdi. Munuň bir sebäbi standartlaşdyrylan synaglaryň ýygy-ýygydan ulanylmagy bolup biler, bu bolsa mugallymlara çagalaryň gyzyklanmasyny has döredijilikli usullar arkaly saklamagy kynlaşdyrýar.

Barlagçylaryň gelen netijesine görä, çagalar ýedi ýa-da sekiz ýaşlarynda şeýle stereotipler we olaryň geljegine nähili täsir edip biljekdigi barada pikirlenip başlaýarlar.


04.06.2026 19:43
4.3k+

Barlag: Adamlar öňkülerinden az gürläp başladylar

Kanzas-Siti şäherindäki Missuri uniwersitetiniň we Arizona uniwersitetiniň alymlary adamlaryň ortaça dilden gepleşigi has az ulanyp başlandyklaryny anykladylar. Barlagyň netijelerine görä, soňky ýyllarda......

03.06.2026 19:11
3.3k+

Barlag: Çalşykly iş beýni sebitleriniň ikisiniň göwrümini kiçeldýär

Gijeki iş we üýtgeýän iş tertibi köpden bäri beden üçin çynlakaý kyn synag hökmünde ykrar edilip gelinýär. Sirkada ritminiň bozulmalary, dowamly ukusyzlyk, stress we ýürek-damar keselleriniň töwekgelçiliginiň......

02.06.2026 13:03
4.2k+

Aýdym-sazmy ýa dym-dyrslyk: alymlar talyplaryň näme üçin okuw wagty saz açyp goýýandyklaryny anykladylar

Okuw kitaplaryny gapdaldan goýberilen sazlaryň owazynda okamak endigi ünsüň ýa-da ýadyň aýratynlyklary bilen däl-de, adamyň mukamlara bolan emosional garaşlylygyň derejesi bilen baglanyşyklydyr....

01.06.2026 20:27
3.8k+

Tomusky tolgunmalar ýa-da nädip çagalara dogry dynç alyş guramaly

«Tomus» diýilse, çaganyň göz öňüňe gelibermesi nämedenkä? Belki ol, şol döwür çagalaryň mekdepden dynç alşa çykyp, köçelerdedir howlularda öňkä görä has köp görünýändiklerindedir?! «Haklary bar. Tomus olaryň......