Türkmenistanda Halkara zenanlar güni mynasybetli dynç güni 9-njy marta geçirildi

  • 06.03.2026 21:36
  • 5.9k+

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Halkara zenanlar gününiň dabaraly bellenilmegi sebäpli dynç gününiň 8-nji martdan 9-njy marta — duşenbe gününe geçirmek baradaky resminama gol çekdi. Bu karar şu gün Döwlet Baştutanynyň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde yglan edildi. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde aýdyldy.

Mejlisde ýurdumyzda şu ýylyň ilkinji iki aýynda alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlanyldy.

Döwlet Baştutany mejlisi jemläp, hökümet agzalaryna ýüzlendi we ýurdumyzyň Halkara zenanlar gününi giňden bellemäge taýýarlanýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, baýramçylyk çärelerini geçirmek we dynç gününi geçirmek barada degişli resminama gol çekildi.

Pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz eziz enelerimizi, mähriban gelin-gyzlarymyzy Halkara zenanlar güni bilen tüýs ýürekden gutlady.


düýn 00:03
3k+

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

27.06.2026 19:31
1.8k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

19.06.2026 10:10
3.6k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.5k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......