Amsterdamda Rembrandtyň köpçülige öň näbelli eseri görkeziler

  • 03.03.2026 23:45
  • 1.7k+

Amsterdamyň Reýksmuzeýiniň (Rijksmuseum) hünärmenleri Rembrandtyň ozal köpçülige görkezilmedik «Zekerýanyň ybadathanada gören salgymy»  atly eseriniň tapylandygyny yglan etdiler. Bu barada «Euronews» habar berýär.

Suratda Zekerýa pygamberiň Mukaddes ýazgylardaky hekaýaty beýan edilýär. Rowaýata görä, oňa Jebraýyl perişde görünýär we Zekerýanyň hem-de aýalynyň garrylygyna garamazdan, olaryň ogly — Ýahýa pygamberiň (Iogann Çokundyryjy) dünýä injekdigini buşlaýar. Perişdäniň özi suratda görkezilmese-de, sag tarapdan ýokardan inýän nur onuň gelendiginden habar berýär. Zekerýanyň ýüzündäki geň galma alamaty bolsa onuň bu habara bolan geňirgenmesini beýan edýär.

XX asyrda birnäçe hünärmenler bu eseriň Rembrandta degişli bolup biljekdigini çaklasalar-da, şol wagt muny tassyklamak başartmandy. 1960-njy ýyldan bäri bu surat suratkeşiň resmi katalogyndan çykarylypdy. 1961-nji ýylda ony hususy kolleksioner satyn aldy we şondan soň 60 ýyldan gowrak wagt bäri eseren hiç hili habar ýokdy.

Ýakynda eseriň häzirki eýesi ony öwrenmek üçin Reýksmuzeýe tabşyrdy. Iki ýyllyk barlaglardan soň, hünärmenler bu eseriň awtorynyň hakykatdanam Rembrandtdygy baradaky netijä geldiler. Golunyň seljermesi onuň asyl nusgadygyny görkezdi, agaç paneliniň dendrohronologik barlagy bolsa suratda görkezilen 1633-nji ýylyň dogrudygyny tassyklady.

Mowzugy boýunça bu surat şol wagtky 27 ýaşly suratkeşiň döredijiligine, ýagny «Daniel we Kir Baalyň kempiri öňünde» (1633, J. Pol Getti muzeýi, Los-Anjeles), «Simeonyň aýdymy» (1631, Mauritshöýs, Gaaga) we «Ieremiýa Iýerusalimiň weýran edilmegine aglaýar» (1630, Reýksmuzeý, Amsterdam) ýaly işleriniň arasyna doly laýyk gelýär.

«Indi adamlaryň ýaş Rembrandt barada has köp zat bilip biljekdigi örän buýsançly: ol bu täsirli eseri Leýden şäherinden Amsterdama göçüp geleninden gysga wagt soň döredipdir. Bu Rembrandtyň hekaýalary özboluşly gürrüň berip bilşiniň ajaýyp nusgasydyr» diýip, Reýksmuzeýiň direktory Tako Dibbits gürrüň berýär.

Sergi 4-nji martda açylar.


şu gün 12:29
2.9k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

10.06.2026 08:53
3.5k+

Alymlar 5300 ýyllyk mumiýadan alnan gury maýadan çörek bişirdi

Alymlar Italiýanyň Alp daglaryndan tapylan 5300 ýyllyk mumiýa Etsiniň üstünden alnan gury maýany (drož) ulanmak arkaly hamyrmaýa taýýarlap, çörek bişirdi. Bu tejribe barada «Daily Mail» neşiri habar berýär....

07.06.2026 20:06
3.5k+

Norwegiýada XI asyra degişli kümüş teňňelerden ybarat uly göwrümli hazyna tapyldy

Norwegiýaly arheologlar Rena şäheriniň golaýyndaky meýdançada wikingler döwrüne degişli bolan 4772 sany kümüş teňňeden ybarat gymmat bahaly hazynany ýüze çykardylar....

05.06.2026 11:37
3.8k+

Notr-Dam ybadathanasynyň aşagyndan 1700 ýyllyk gadymy tapyndylar ýüze çykaryldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň öňündäki meýdançada geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda arheologlar ýaşy 1700 ýyla ýetýän ýüzlerçe gadymy tapyndyny ýüze çykardylar. Bu tapyndylar rim döwrüne, irki......