«United Airlines» gulaklyk dakynman aýdym diňleýän ýolagçylary gatnawdan düşürer

  • 07.03.2026 11:59
  • 7.5k+

ABŞ-nyň iň iri awiakompaniýalarynyň biri bolan «United Airlines» uçaryň içinde ýolagçylaryň özüni alyp baryş kadalaryny berkidýär. Şoňa görä, indi islendik ýolagçy uçuş wagtynda gulaklyksyz aýdym ýa-da wideo diňlese, ony uçar gatnawyndan aýyrmak ýa-da awiakompaniýanyň hyzmatlaryndan peýdalanmagy bütinleý gadagan etmek göz öňünde tutulýar.

Bu üýtgeşme gatnaw şertnamasynyň 21-nji kadasyna girizildi. Täze düzgün awiakompaniýanyň ýolagçyny uçardan düşürmäge, şeýle hem oňa wagtlaýyn ýa-da hemişelik uçuş gadagançylygyny goýmagyna hukuk berýär.

Şertnamada jemi 22 sany sebäp görkezilýär. Olaryň esasylary audio/wideo tertibi (gulaklyksyz gaty sesli aýdym ýa-da wideo diňlemek), töleg meseleleri (petek üçin tölegiň doly tölenmezligi), şahsyýeti tassyklaýan resminamalar (pasportyň ýa-da gerek resminamanyň ýoklugy), howpsuzlyk (beýleki ýolagçylara wehim salýan hereketler), saglyk ýagdaýy (mysal üçin, göwreliligiň 9-njy aýynda bolmak) ýaly bölümlerden ybaratdyr.

Şertnamada bellenilişi ýaly, eger ýolagçy 21-nji kadany bozsa we munuň netijesinde awiakompaniýa haýsydyr bir çykdajy ýa-da zyýan çekse, ýolagçy şol zyýanyň öwezini dolmaga borçludyr we bu hakda «UA-nyň 21-nji kadada görkezilen islendik hereketi edýän ýolagça hemişelik esasda gatnawyndan ýüz döndermäge hukugy bardyr» diýlip,  aýratyn bellenilýär.

Geçirilen halkara sowalnamalaryň netijelerine görä, gatnaşyjylaryň takmynan 59%-i gulaklyksyz wideo görmek ýa-da aýdym diňlemek ýaly hereketleri uçuş wagtyndaky iň kejikdiriji ýagdaýlaryň biri diýip hasaplaýarlar.

Şeýlelikde, awiakompaniýanyň bu kararyny köp sanly ýolagçylaryň islegine görä gelnen netije diýip kabul edip bolar.


08.06.2026 16:29
3.9k+

FIFA 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň resmi saz albomyny çykardy

FIFA 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynyň resmi saz albomyny tanyşdyrdy. Ýygynda dürli ýurtlardan bolan ýerine ýetirijiler tarapyndan ýazylan 18 sany kompozisiýa girdi....

06.06.2026 14:40
2.6k+

Aşgabatda konsertler we sergi bilen Azerbaýjanyň medeniýet günleri geçirilýär

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy....

06.06.2026 07:56
2.3k+

«Metallica» rok topary Gyzyl Haç jemgyýetine 10 müňe golaý donor toplap berdi

«Metallica» toparynyň Germaniýada geçiren konsertleriniň dowamynda «Nemes Gyzyl Haç» jemgyýeti bilen bilelikde guralan gan tabşyrmak çäresine 10 müňe golaý adam gatnaşdy....

04.06.2026 17:17
5.9k+

1 ýaşamadyk suratkeşem bar, 14 ýaşly alymam: dünýäniň iň ýaş rekordçylary

Çagalaryň käbiri entek mekdebi tamamlamanka dünýä rekordçysyna öwrülmegi başarýarlar. Olaryň sungatda, ylymda, žurnalistikada, moda ugurlarynda gazanan üstünlikleri eýýäm ömürleriniň ilkinji ýyllarynda......