Prezident Serdar Berdimuhamedow gelin-gyzlary Halkara zenanlar güni bilen gutlady

  • 07.03.2026 07:50
  • 5.2k+

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 8-nji martda bellenilýän Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň enelerini, zenanlaryny we gyzlaryny gutlady. Gutlag hatynyň teksti TDH döwlet habarlar agentligi tarapyndan çap edildi.

«Sizi tebigatyň janlanyp, ynsan ýüreklerinde ylham-joşgun döredýän bahar paslynyň ilkinji günlerinde giňden bellenilýän Halkara zenanlar güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn» – diýlip, döwlet Baştutanynyň gutlagynda bellenilýär.

Ýüzlenmede zenanlaryň jemgyýetçilik durmuşyndaky we ýurdy ösdürmekdäki orny nygtalýar. Olaryň milli maksatnamalary we özgertmeleri durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýandyklary, şeýle hem halk senetçiliginiň — haly dokamagyň, keşde çekmegiň we milli lybaslary tikmegiň däplerini dowam etdirýändikleri bellenilýär.

Prezident ýurdumyzyň zenanlarynyň dürli ulgamlarda — döwlet dolandyryşynda, ylymda we bilimde, saglygy goraýyşda, sportda, medeniýetde, nebit-gaz we gurluşyk pudaklarynda, senagatda, ulagda, aragatnaşykda, oba hojalygynda we söwdada uly işleri bitirýändiklerini aýtdy. Şeýle hem maşgala gymmatlyklaryny gorap saklamakda we ýaş nesli terbiýelemekde olaryň ornunyň bimöçberdigi bellenildi.

Döwlet Baştutany Halkara zenanlar güni mynasybetli edara-kärhanalarda işleýän enelere, zenanlara we gyzlara, şeýle hem talyp gyzlara, mekdep okuwçylaryna we çagalar baglarynda terbiýelenýänlere pul sowgatlarynyň gowşurylandygyny ýatlatdy. Köp çagaly enelere bolsa «Ene mähri» diýen hormatly at dakyldy.

«Sizi dünýäniň gözelligini hem-de sazlaşygyny özünde jemleýän ajaýyp bahar baýramy bolan Halkara zenanlar güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, uzak ömür, bagtyýar we abadan durmuş, ata Watanymyz eziz Türkmenistanyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleriňizde üstünlikleri hem-de rowaçlyklary arzuw edýärin. Goý, mukaddes maşgala ojaklarymyzyň daýanjy, mertebesi hem-de guwanjy bolan mähriban enelerimiziň, gelin-gyzlarymyzyň güler ýüzleri elmydama bahar ýaly nurana bolsun!» – diýlip, Prezidentiň gutlagynda aýdylýar.


01.05.2026 23:23
3.4k+

Ahalteke bedewlerimiz Özbegistandaky halkara gözellik bäsleşigine gatnaşar

Türkmenistan 9–10-njy maýda Özbegistanyň Daşkent şäherinde «Gündogaryň merjeni» ady bilen geçiriljek ahalteke bedewleriniň atly sport we gözellik bäsleşiklerine gatnaşar. Bu barada anna güni geçirilen Hökümet......

26.04.2026 13:51
2.9k+

Serdar Berdimuhamedow atşynaslary we türkmen halkyny bedew baýramy bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny we atşynaslary Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen gutlady. Gutlagyň teksti 26-njy aprelde Türkmenistanyň resmi metbugatynda çap edildi....

26.04.2026 13:44
4.2k+

Türkmenistanyň Prezidenti Milli bedew baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy

25-nji aprelde Aşgabat atçylyk sport toplumynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralar geçirildi. Bu barada «TDH» döwlet habarlar agentligi habar......

25.04.2026 07:42
7.8k+

Maý aýynda ýurdumyzda nähili dabaraly çäreler geçiriler

Şu ýylyň maý aýynda Türkmenistanda şanly seneler mynasybetli giň gerimli baýramçylyk çäreleri we täze binalaryň açylyş dabaralary meýilleşdirilýär. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa anna......