Türkmenistanyň Döwlet baýdagy we «Arkadag» FK-nyň nyşany Türkiýäniň iň belent nokadyna çykaryldy

  • 07.03.2026 09:29
  • 8.8k+

2026-njy ýylyň 1-6-njy marty aralygynda «Arkadag» futbol klubunyň janköýerler toparynyň agzalary Türkiýäniň iň belent nokady bolan Agry dagyna çykdy.

Türkmenistanyň ilçihanasynyň goldawy bilen guralan bu çäre ýurduň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna hem-de 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» şygar bilen yglan edilmegine bagyşlandy diýip, «Altyn asyr» neşiri habar berdi.

Talyplardan we sport söýüjilerden ybarat bolan ekspedisiýa tejribeli alpinist Agajan Öwlýagulyýew ýolbaşçylyk etdi. Gatnaşyjylar 5137 metr belentlikde Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny, şeýle hem «Arkadag» FK-nyň we 2026-njy ýylyň nyşanlaryny açdy.

Bu çäre sport diplomatiýasyny ösdürmäge we milli agzybirligi berkitmäge gönükdirilendir.

Türkmen sportuna bolan halkara gyzyklanmany artdyrmagyň çäklerinde Ankara we Antalýa şäherlerinde «Arkadag» FK-nyň janköýerler klublary döredildi. Türkmen ýaşlarynyň bu başlangyjy Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky jemgyýetçilik-medeni gatnaşyklary işjeňleşdirmäge hem-de milli sportuň daşary ýurtdaky abraýynyň barha artýandygyny görkezmäge hyzmat edýär.


şu gün 00:03
1.2k+

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 19:31
1.2k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

24.06.2026 10:10
5k+

Stambul düzgüni bozýan taksi sürüjilerini gözegçilikde saklamak üçin dronlary ulanýar

Stambulyň häkimiýeti şäheriň merkezinde taksi sürüjilerini gözegçilikde saklamak üçin dronlary ulanmaga başlady diýip, Stambulyň taksiçiler palatasynyň dolandyryjy geňeşiniň wekili Günger Petekiň sözlerine......

19.06.2026 10:10
3.6k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......