17k+

Bir günde Aşgabatda ýagan gar bilen ygalyň tas bir aýlyk mukdary ýagdy

20-nji ýanwardan 21-nji ýanwara geçilýän gije Aşgabatda 2026-njy ýylyň ilkinji gary ýagdy. Günüň dowamynda gar ýagmagyny dowam edip, köçeleri ak dona büredi. «Meteožurnal» neşiriniň maglumatlaryna görä, 20-nji ýanwar agşamyndan 21-nji ýanwar agşamyna çenli aralykda şäherde 20 mm gar ýagdy, bu bolsa ygalyň tas bir aýlyk mukdaryna deňdir...

1.6k+

Milli mirasymyzyň düýni, şu güni we ertiri: «Miras» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan neşir edilýän «Miras» ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Giň okyjylar köpçüligine niýetlenen bu neşir türkmen halkynyň ruhy we taryhy mirasyny öwrenmek boýunça alnyp barylýan ylmy-barlag işleriniň netijeleri bilen tanyşdyrmagyny dowam edýär...

2.8k+

Microsoft: Ýer ýüzüniň her altynjy ýaşaýjysy emeli aňy ulanýar

2025-nji ýylyň ikinji ýarymynda dünýäde emeli aňyň ýaýramagynyň täze derejesi hasaba alyndy: indi neýroulgamdan Ýer ýüzüniň ilatynyň 16,3%-i, ýagny her altynjy adam peýdalanýar. Şeýle maglumatlar Microsoft AI Economy Institute-yň hasabatynda getirilýär...

4.2k+

Tunisli režissýor EA tarapyndan döredilen film üçin 1 mln dollar utdy

Tunisden Zubeýr Jlassi 1 Billion Followers Summit sammitinde dokuz minutlyk Lily filmi üçin AI Film Award baş baýragyny – 1 million dollar aldy diýip, Creapills habar berýär. Bäsleşik 2026-njy ýylyň 9 – 11-nji ýanwarynda Dubaýda geçirildi we wizual hatary döretmek üçin EA ulanylan ilkinji uly festiwal boldy...

7.9k+

Dubaý dünýäde iň uly onlaýn yşarat dili sapagyny gurnaýar

Dubaý dünýäde iň uly bitewi wirtual yşarat dili sapagyny geçirmek arkaly Ginnesiň täze dünýä rekordyny goýmagy meýilleşdirýär. Bu giň gerimli çäre 2026-njy ýylyň 21-nji ýanwaryna meýilleşdirilýär. Onuň howandary hökmünde Dubaý Jemgyýetçilik Ösüş Agentligi (CDA) çykyş edýär...

2.4k+

Türkmenistanda zenanlaryň arasynda döredijilik bäsleşigi yglan edildi

«Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasy Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi hem-de Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi bilen bilelikde ýurdumyzyň döredijilik bilen meşgullanýan zenanlarynyň arasynda «Zenan — Zeminiň zynaty» atly bäsleşigi yglan etdi...

6.1k+

Aşgabatda suratkeş Berdiguly Amansähedowyň «Gum aýdymlary» atly sergisi görkezilýär

Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň sergi zalynda ussat suratkeş Berdiguly Amansähedowyň 75 ýyllygyna bagyşlanan «Gum aýdymlary» atly giň gerimli sergi açyldy. Tomaşaçylara 110-dan gowrak özboluşly eseri hödürleýän bu sergi  suratkeşiň medeniýetleriň dialogyna goşan halkara goşandynyň ykrarynyň görnükli mysaly boldy...

2.6k+

Stokgolmda Nobel merkezi gurlar

Stokgolmda Nobel merkeziniň gurluşygy meýilleşdirilýär. Taslama Germaniýanyň David Chipperfield Architects binagärlik studiýasy tarapyndan Şwesiýanyň Sweco Architects kompaniýasy bilen bilelikde işlenip taýýarlandy...

6.3k+

Ýewropa kinoakademiýasy ýylyň iň gowy filmini atlandyrdy

Režissýor Ýoakim Trieriň «Duýgy gymmatlygy» (Сентиментальная ценность) dramasy «Iň gowy film» kategoriýasynda Ýewropa kinoakademiýasynyň baýragyny aldy. Dabara Berlindäki Dünýä medeniýetleriniň öýünde geçirildi...

2.8k+

«Marti Beýik» ABŞ-da A24 studiýasynyň iň köp girdeji gazanan filmi boldy

«Marti Beýik» (Марти Великолепный) filminiň amerikan prokatynda kassa ýygymy 80 mln dollara ýetdi. Bu hem ony ABŞ-nyň kinoteatrlarynda A24 studiýasynyň iň köp girdeji gazanan taslamasyna öwürdi. Ozal kompaniýanyň filmleriniň arasynda birinji orny 2021-nji ýylda çykan «Hemme zat hemme ýerde we birbada» filmi eýeleýärdi...

4.8k+

Norwegiýada nepis nagyşly we gök daşly orta asyr ýüzügi tapyldy

Norwegiýanyň Týonsberg şäherinde arheologlar 800 ýyldan gowrak taryhy bolan altyn ýüzügi tapdylar. Inçe filigran nagyşly we gök öwüsýän daşly bu şaý-sep, asyrlar boýy toprak astynda ýatandygyna garamazdan, asla zaýalanman diýen ýaly saklanypdyr...

11k+

Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty: gar gatyşykly ýagyş dowam eder

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugy ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi. Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda we ahyrynda gar gatyşykly ýagyş ýagar...

2.7k+

76-njy Berlin kinofestiwalynyň açylyş filmi mälim edildi

76-njy Berlin halkara kinofestiwaly owgan režissýory Şarbanu Sadat tarapyndan surata düşürilen «No Good Men» («Adamlaryň gowusy ýok») atly romantiki komediýasy bilen açylar. Bu barada festiwalyň dolandyryşyna salgylanýan Variety neşiri habar berýär...

2.2k+

ChatGPT-iň mugt wersiýasynda mahabat goýlup başlanar

OpenAI kompaniýasy ýakyn wagtda ChatGPT platformasynyň mugt ulanyjylary üçin synag tertibinde mahabatlary ýerleşdirip başlar. Mahabatlar esasy mugt wersiýada we "Go" nusgasynda, ulanyjynyň sowallaryna berilýän jogaplaryň ýanynda görkeziler...

6.7k+

Grenland akulalary tümlükde ýüz ýyllap görüp bilýärler

Alymlar adaty bolmadyk açyşa haýran galdylar. Ýer ýüzündäki iň uzak ýaşaýan oňurgaly haýwanlaryň biri bolan grenland akulalarynyň 100 ýyllap garaňkylykda görüp bilýändikleri belli boldy. Öňler bu çuň deňiz akulalarynyň hemişelik tümlük hem gözlerindäki parazitler zerarly görüjilik ukyby pes diýlip pikir edilýärdi...

1.4k+

OpenAI mugt ChatGPT Translate emeli aň terjimeçisini işe girizdi

OpenAI kompaniýasy täze ChatGPT Translate hyzmatyny işe girizdi. Häzirki wagtda EA terjimeçisi beta-synag režiminde bolup, mugt işleýär. Ol 50-den gowrak dili, şol sanda rus dilini goldaýar. Android Authority neşiriniň belleýşi ýaly, entek kompaniýa ChatGPT Translate barada resmi taýdan habar bermedi, ýöne hyzmat eýýäm ulanyjylar üçin ýörite saýtda elýeterlidir...

9.5k+

Taryhda iň şowsuz çykan smartfonlaryň sanawy düzüldi

BGR portalynyň bilermenleri artykmaçlyklary bilen däl-de, howpludygy, tehniki ýalňyşlyklar ýa-da şowsuz konsepsiýalar sebäpli uzak wagtlap ýatda galan smartfonlaryň sanawyny düzdi. Iň ýaramaz smartfonlaryň sanawyna 13 model girdi...

2.3k+

«Wikipediýa» öz taryhynda iň köp okalan makalalaryň sanawyny mälim etdi

«Wikipediýa» taslamasyny ösdürýän täjirçilik däl «Wikimedia» fondy onlaýn ensiklopediýanyň taryhynda iň köp görlen iňlis dilindäki makalalaryň sanawyny çap etdi. «Popular Science» žurnalynyň belleýşine görä, bu reýting 2008-nji ýyldan bärdäki maglumatlara esaslanýar...