Grenland akulalary tümlükde ýüz ýyllap görüp bilýärler

  • 18.01.2026 19:40
  • 6.7k+

Alymlar adaty bolmadyk açyşa haýran galdylar. Ýer ýüzündäki iň uzak ýaşaýan oňurgaly haýwanlaryň biri bolan grenland akulalarynyň 100 ýyllap garaňkylykda görüp bilýändikleri belli boldy. Öňler bu çuň deňiz akulalarynyň hemişelik tümlük hem gözlerindäki parazitler zerarly görüjilik ukyby pes diýlip pikir edilýärdi.

ABŞ-dan, Şweýsariýadan we Daniýadan halkara alymlar topary 2020-nji we 2024-nji ýyllar aralygynda tutulan 100-130 ýaş aralygyndaky akulalaryň gözlerini öwrendiler. Barlaglar bu akulalaryň göz torlarynyň 1200 metre çenli çuňlukda ýagtylygyň pes derejesine we parazitleriň bolmagyna garamazdan, garramaýandygyny görkezdi.
Akulalaryň göz torlary ýagtylykda reňkli görmäge jogapkär bolan konuslardan doly mahrum bolup, diňe garaňkylyga uýgunlaşan taýajyklardan ybaratdyr. Rodopsin belogy okean suwuna iň gowy aralaşýan, takmynan 458 nanometr tolkun uzynlygy bolan gök şöhläni tutýar. Şol sebäpli göz perdesiniň parazitleri ýagtylygyň aralaşmagyna päsgel bermeýär diýen ýalydyr.
Alymlar asyrlaryň dowamynda göz saglygynyň özboluşly DNK abatlaýyş ulgamy bilen baglanyşyklydygyny we bu ulgamyň akulalaryň ömrüniň uzak bolmagyna kömek edýändigini aýdýarlar.
Nature Communications žurnalynda çap edilen bu gözleg göz we neýron saglygyny saklaýan gurluşlara düşünmek üçin täze mümkinçilikleri açýar. Ýöne bu bilimleri adamlaryň nähili peýdalanyp biljekdigi häzirlikçe näbelli bolup galýar.  


07.06.2026 17:05
8.6k+

Gradusyň ähmiýeti bar: tomusda awtoulagyň kondisionerinde nähili howp gizlenýär

Tomusda, uzak wagtlap yssyda bolnandan soň, awtoulagyň salonynyň birden sowadylmagy sürüjiniň we ýolagçylaryň saglygyna ýaramaz täsir edip biler. Hünärmenler gyzgyn awtoulaga girenden soň, kondisioneri derrew......

05.06.2026 00:08
8.4k+

Atlantik ummanynda sargassum suwotylarynyň güllemegi hemişelik we üýtgewsiz hadysa öwrüldi

Günbatar Afrikadan Karib deňzine çenli takmynan 8000 kilometre uzalyp gidýän sargassum suwotylarynyň uly Atlantik guşagy ummanyň hemişelik ekoulgamyna öwrüldi. Howanyň üýtgemegi boýunça Ýewropa-Ortaýer deňzi......

04.06.2026 18:42
5.5k+

Haýnan şäherinde äpet tüweleý şekilindäki Ylym muzeýi açyldy

Hytaýyň Haýnan adasyndaky Haýkou şäherinde 46 528 inedördül metrlik medeni we bilim merkezi bolan Haýnan Ylym muzeýiniň gurluşygy tamamlandy. Ol Uýuan derýasynyň Milli suwluk-batgalyk seýilgähiniň gyrasynda......

03.06.2026 19:11
3.3k+

Barlag: Çalşykly iş beýni sebitleriniň ikisiniň göwrümini kiçeldýär

Gijeki iş we üýtgeýän iş tertibi köpden bäri beden üçin çynlakaý kyn synag hökmünde ykrar edilip gelinýär. Sirkada ritminiň bozulmalary, dowamly ukusyzlyk, stress we ýürek-damar keselleriniň töwekgelçiliginiň......