«Haýwanlar şäheri 2» $1,7 mlrd ýygnap, Golliwudyň iň girdejili multfilmi boldy

  • 19.01.2026 10:59
  • 2.7k+

«Haýwanlar şäheri 2» multfilminiň dünýädäki kassa ýygymy 1,7 mlrd dollara ýetdi, bu hem ony Golliwudyň taryhynda iň üstünlikli animasion taslama öwürdi. Multfilm bu görkezijini iki aý prokatyň dowamynda gazandy diýip, Variety habar berýär.

Içerki bazarda multfilm 392 mln dollar ýygnady.
Şeýlelikde, tilki bilen towşanyň başdangeçirmeleri baradaky multfilmiň dowamy 2024-nji ýylda 1,69 mlrd dollar gazanan «Tapmaça 2-den» öňe geçdi. Bu görkeziji ozal amerikan animasiýasy üçin rekorddy.
Şol bir wagtyň özünde, dünýä taryhynda iň girdejili multfilm «Neçža aždarhalar şasyny ýeňýär» hytaý multfilmi bolmagynda galýar. Onuň kassa ýygymy, takmynan, 2,2 mlrd dollara ýetdi, üstesine-de, girdejiniň esli bölegi Hytaýyň içerki bazarynyň paýyna düşdi.
Taryhda iň köp girdeji gazanan multfilmleriň bäşligi:

  • «Neçža aždarhalar şasyny ýeňýär» – $2,2 mlrd
  • «Haýwanlar şäheri 2» – $1,7 mlrd
  • «Tapmaça 2»  –  $1,69 mlrd
  • «Doňan ýürek 2» – $1,451 mlrd
  • «Doganlar Super Mario kinoda» – $1,361 mlrd

düýn 10:41
1.4k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

19.06.2026 20:14
4.3k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

19.06.2026 11:08
2.8k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.6k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....