В Стокгольме построят Нобелевский центр

  • 20.01.2026 10:59
  • 2.5k+

Stokgolmda Nobel merkeziniň gurluşygy meýilleşdirilýär. Taslama Germaniýanyň David Chipperfield Architects binagärlik studiýasy tarapyndan Şwesiýanyň Sweco Architects kompaniýasy bilen bilelikde işlenip taýýarlandy. Binany Sýodermalm adasynyň kenarýakasynda ýerleşdirmek göz öňünde tutulýar diýip, Dezeen habar berýär.

Gurluşyga 2027-nji ýylda başlamak, 2031-nji ýylda bolsa tamamlamak meýilleşdirilýär.
Esasy gurluşyk materialy agaç bolar, fasadlar bolsa gaýtadan işlenilen gyzyl kerpiç bilen örtüler. Bu kerpiji asyrlarboýy, şol sanda şäher edarasy ýaly möhüm desgalaryň gurluşygynda giňden ulanan Stokgolmyň binagärlik dessurlary bilen baglanyşyklydyr.  
Binanyň umumy meýdany, takmynan, 13 müň inedördül metr bolar.
Taslama laýyklykda, merkezde Nobel baýragynyň laureatlarynyň ylym, edebiýat we parahatçylyk ugurlarynda gazanan üstünliklerine bagyşlanan seminarlar, leksiýalar, çäreler we sergiler üçin ýerler bolar.
Birinji gatda foýe, dükan we suwa bakýan açyk eýwanly restoran ýerleşdiriler. Gezelenç kenarýakasy binany Fotografiska fotosurat muzeýi we Stokgolmyň şäher muzeýi bilen birleşdirer.
Taslama Erling-Persson gaznasy hem-de Knut we Alisa Wallenbergiň gaznasy tarapyndan maliýeleşdiriler. Olar munuň üçin 2,3 mlrd şwed kronyny bölüp berer. Umumy baha 2,5 mlrd kron (271 mln dollar) diýlip hasaplanýar, galan mukdary bolsa Nobel gaznasy üpjün eder.
Nobel gaznasynyň ýerine ýetiriji müdiri Hanna Sterneniň aýtmagyna görä, täze muzeý ylmyň, edebiýatyň we parahatçylygyň öýi, Nobel baýragyny alamatlandyrýan güýjüň merkezi, şeýle-de diňe bir häzirki myhmanlar däl, eýsem geljekki nesiller üçin ylham çeşmesi bolar.


22.03.2026 16:24
8.8k+

Финны все еще счастливы: страна девятый год подряд самая счастливая в мире

Пока мир обсуждает кризисы, опасные технологии и перемены, один рейтинг остается удивительно стабильным. Финляндия девятый год подряд признана самой счастливой страной в мире — и, похоже, уступать позицию не собирается...

28.01.2026 09:50
2.2k+

Тайка Вайтити экранизирует роман «Клара и Солнце» нобелевского лауреата Кадзуо Исигуро

Режиссёр Тайка Вайтити («Кролик Джоджо», «Тор» 3-4) сообщил о скором выходе своего нового фильма — научно-фантастической драмы «Клара и Солнце». Фильм основан на одноимённом романе лауреата Нобелевской премии Кадзуо Исигуро...

09.10.2025 18:33
2.6k+

Нобелевским лауреатом по литературе стал венгерский писатель Ласло Краснахоркаи

Нобелевский комитет объявил лауреата премии по литературе 2025 года. Награду получил венгерский писатель Ласло Краснахоркаи «за убедительное и дальновидное творчество, которое в разгар апокалиптического ужаса подтверждает силу искусства»...

12.09.2025 17:55
9.2k+

В Швеции в болоте нашли 5-тысячелетнюю «капсулу времени»

В Швеции археологи обнаружили в болоте недалеко от Йерны в Герстаберге так называемую «капсулу времени» с доисторическими предметами, сообщает Heritage Daily. На месте раскопок были найдены конструкции из деревянных бревен, свай и плетёных изделий, возраст которых оценивается примерно в 5 тыс...