Nobel baýragynyň eýesi Kadzuo Isiguronyň «Klara we Güneş» romany ekrana geçirilýär

  • 28.01.2026 09:50
  • 2.3k+

Režissýor Taýka Waýtiti özüniň «Klara we Güneş» («Клара и Солнце») atly ylmy-fantastiki dramasynyň ýakyn wagtda ekranlara çykjakdygyny mälim etdi. Bu film Nobel baýragynyň eýesi Kadzuo Isiguronyň adybir romany esasynda surata düşürildi.
Onda baş keşbi «Uensdeý» serialy arkaly tanalýan Jenna Ortega janlandyrýar.
Waýtiti filmiň premýerasy şu ýyla meýilleşdirilýär, emma takyk möhletleri we görkeziliş formaty häzirlikçe belli däldigini aýdýar.
Režissýor Screen neşirine beren interwýusynda: «Biz şu wagt Sony kompaniýasy bilen filmiň haçan we nirede görkeziljekdigini maslahatlaşýarys, festiwallar we şuna meňzeş çäreler barada oýlanýarys» diýip gürrüň berdi.
Romandaky wakalar ýakyn geljekde bolup geçýär. Eseriň mazmunya görä, dünýäde dymma, kän bir ile goşulyp bilmeýän ýekemen ýetginjekler bilen gürleşmek üçin niýetlenen robotlar satylýan dükan bar. Klara atly robot hem witrinadan adamlary synlaýar we soňra saglyk ýagdaýy agyr bolan bir gyzjagaza «jora» bolýar.
Filmde şeýle-de Emi Adams, Stiw Buşemi we Nataşa Lionn ýaly aktýorlar surata düşdüler. Ssenariýasyny mundan ozal «Akylsyzlar» («Безумцы») serialynyň üstünde işlän Dawi Woller taýýarlady.


21.06.2026 10:41
1.7k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

19.06.2026 20:14
4.5k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

19.06.2026 11:08
2.9k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.6k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....