Edebiýat boýunça Nobel baýragynyň eýesi wengriýaly ýazyjy Laslo Krasnahorkai boldy

  • 09.10.2025 18:33
  • 2.6k+

Nobel komiteti 2025-nji ýylyň edebiýat boýunça baýragynyň eýesini yglan etdi. Baýragy “apokaliptik elhençligiň möwjän döwründe sungatyň güýjüni tassyklaýan täsirli we öňdengörüjilikli döredijiligi üçin” wengriýaly ýazyjy Laslo Krasnahorkai aldy.

Krasnahorkai 1954-nji ýylda doguldy. Onuň belli eserleriniň arasynda “Şeýtan tangosy”, “Garşylyk melanholiýasy”, “Demirgazykdan – dag, günortadan – köl, gündogardan – ýol, günbatardan – derýa”, “Si-wan-mu şu ýerde biziň aramyzda” we “Soňky möjek” romanlary bar. Onuň döredijiliginde daşky aragatnaşyklardan üzňeleşdirilen we geljegi näbelli dünýäde adamlaryň grotesk barlygy barada antiutopik tymsallar agdyklyk edýär.
Ýazyjy öz romanlary, nowellalary we ssenarileri boýunça birnäçe filmleri düşüren režissýor Bela Tarr bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär.
2015-nji ýylda Krasnahorkai Halkara Buker baýragynyň eýesi boldy.
Geçen ýyl Nobel baýragyny “taryhy şikeslere garşy durýan we adamzat durmuşynyň gowşaklygyny açyp görkezýän baý şahyrana prozasy üçin” günorta koreýaly ýazyjy Han Gan aldy.
Şeýle-de, 2025-nji ýylyň Nobel hepdeliginiň dowamynda 10-njy oktýabrda parahatçylyk boýunça baýragyň, 13-nji oktýabrda bolsa Alfred Nobeliň hatyrasyna ykdysadyýet boýunça baýragyň eýeleri yglan ediler.
Ozal fiziologiýa we lukmançylyk, fizika hem himiýa boýunça laureatlar belli boldy. 


28.01.2026 09:50
2.1k+

Nobel baýragynyň eýesi Kadzuo Isiguronyň «Klara we Güneş» romany ekrana geçirilýär

Režissýor Taýka Waýtiti özüniň «Klara we Güneş» («Клара и Солнце») atly ylmy-fantastiki dramasynyň ýakyn wagtda ekranlara çykjakdygyny mälim etdi. Bu film Nobel baýragynyň eýesi Kadzuo Isiguronyň adybir romany esasynda surata düşürildi...

20.01.2026 10:59
2.5k+

Stokgolmda Nobel merkezi gurlar

Stokgolmda Nobel merkeziniň gurluşygy meýilleşdirilýär. Taslama Germaniýanyň David Chipperfield Architects binagärlik studiýasy tarapyndan Şwesiýanyň Sweco Architects kompaniýasy bilen bilelikde işlenip taýýarlandy...

25.11.2025 16:39
3.1k+

Budapeştde 1700 ýyllyk gadymy rim sarkofagy tapyldy

Budapeşt taryhy muzeýiniň arheologlary Wengriýanyň paýtagtynyň demirgazygyndaky Obuda sebitinde rim sarkofagyny tapdy diýip, Associated Press agentligi habar berdi. Tapyndy Akwinkum gadymy rim şäherçesiniň çäklerinde gazuw-agtaryş işleri wagtynda ýüze çykaryldy...

16.07.2025 12:27
8.6k+

Wengriýanyň iň köne kitaphanasynda agaç tomzaklary ýüz müňlerçe seýrek kitaplara hüjüm etdi

Wengriýanyň iň gadymy kitap toplumy bolan Pannonhalmadaky orta asyr monastyr kitaphanasynyň işgärleri agaç tomzagy zerarly zeper ýeten 100 000 töweregi seýrek kitaplary gyssagly dezinseksiýa etmeklige girişdiler...