Bagtsyzlykdan bihabar ýurt: Finlýandiýa iň bagtlylaryň sanawynda ýene birinji

  • 22.03.2026 16:24
  • 8.8k+

BMG-niň başlangyjy bilen Oksford uniwersitetiniň Abadançylyk gözleg merkezi we «Gallup» instituty bilen hyzmatdaşlykda taýýarlanan «World Happiness Report» hasabaty, dünýäde iň bagtly ýurtlaryň sanawy hödürlendi. Bu hasabat her ýyl 20-nji martda bellenilýän Halkara bagt güni mynasybetli neşir edilýär. Reýting düzülende durmuş goldawy, girdeji, saglyk, erkinlik, jomartlyk we korrupsiýanyň derejesi ýaly faktorlar hasaba alynýar.

«World Happiness Report 2026» boýunça, bu gezek ýene-de Finlýandiýanyň bagty çüwdi. Ýurt bassyr dokuzynjy ýyl dünýäniň iň bagtly ýurtlarynyň sanawynda birinji orny eýeleýär. Ikinji ýerde Islandiýa, üçünji ýerde bolsa Daniýa ýerleşdi.

Soňra sanawy Şwesiýa we Norwegiýa dowam etdirýär. Bilermenler munuň sebäplerini sosial ynamyň ýokary derejesi, ösen durmuş goraglylyk ulgamy, saglygy goraýşyň we bilimiň elýeterliligi, deňsizligiň pesligi hem-de jemgyýetçilik agzybirligi bilen düşündirýär. Bu ýurtlarda raýatlar iş we şahsy durmuşyň deňagramlylygyndan razy, döwlet edaralary bolsa ilatyň uly ynamyny gazanýar.

Şol bir wagtyň özünde, reýtingiň ahyrynda (147-nji orun) eýýäm dokuzynjy gezek iň bagtsyz ýurt diýlip ykrar edilen Owganystan ýerleşdi. Şeýle-de, iň soňky orunlarda Sýerra-Leone (146) we Malawi (145) bar. Pes bahalar köpýyllyk çaknyşyklar, syýasy durnuksyzlyk, ynsanperwer çökgünlikler we ykdysady çökgünlik bilen baglanyşyklydyr.

Pikir soraşma gatnaşyjylardan öz häzirki durmuşyna 10 basgançakly şkala boýunça (iň gowy durmuş — 10, iň erbet — 0) baha bermek soralýar. Bu bahalaryň esasynda üç ýyllyk döwür üçin ortaça bal hasaplanýar.

Hasabatyň awtorlarynyň bellemegine görä, şu ýyl sosial ulgamlaryň we sanly tehnologiýalaryň abadançylyga ýetirýän täsiri hasabatyň üns merkezinde boldy. Gözlegçiler onlaýn gatnaşyklaryň, aýratyn-da ýaşlaryň durmuşyndan razylygyna nähili täsir edýändigini seljerdi.


şu gün 13:16
1.2k+

Tiz wagtdan Finlýandiýada ilatyň garramagy sebäpli jaýlaryň 30%-i boş galar

Ýakyn 20 ýylyň dowamynda Finlýandiýada ilatyň çalt garramagy (ýaşuly adamlaryň sanynyň köpelmegi) sebäpli, ýurtdaky bar bolan ýaşaýyş jaýlarynyň tas 30%-iniň boşap galmak howpy bar. Bu barada OP-Pohjola maliýe......

şu gün 00:05
3.5k+

Iş hepdesiniň gysgaldylmagy Islandiýanyň ykdysady ösüşini güýçlendirdi

Islandiýa milli derejede çeýe iş tejribeleriniň gerimi boýunça dünýä liderine öwrüldi. Ýurduň tejribesi adaty zähmet bazarynyň “iş wagtynyň azaldylmagy gürrüňsiz ykdysady görkezijilere zyýan ýetirýär” diýen......

18.05.2026 14:53
11k+

Baltika deňzinde halas edilen läheň Timmi Daniýanyň kenarlarynda öli tapyldy

Belli örküçli läheň Timminiň (Houp hem diýilýär) läşi Daniýanyň Anholt adasynyň kenarynda tapyldy diýip, «Der Spiegel» neşiri Daniýanyň Daşky gurşawy goramak agentligine salgylanyp habar berýär....

17.05.2026 10:36
5.1k+

Daniýada gaýtadan işlenen materiallar ulanylyp, ýurduň iň beýik agaç binasy guruldy  

Daniýanyň Orhus şäherinde 78 metrlik TRÆ diňiniň gurluşygy tamamlandy. Ol Daniýanyň iň beýik agaç desgasy we dünýäde iň beýik binalaryň biridir....