Türkmenistanda zenanlaryň arasynda döredijilik bäsleşigi yglan edildi

  • 20.01.2026 12:53
  • 2.4k+

«Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasy Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi hem-de Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi bilen bilelikde ýurdumyzyň döredijilik bilen meşgullanýan zenanlarynyň arasynda «Zenan — Zeminiň zynaty» atly bäsleşigi yglan etdi.

Bäsleşik «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly atmyradyň mekany» ýyly we beýik Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli geçirilýär​.
​​​​​​Döredijilik bäsleşigine hödürlenilýän eserlerde (makalalarda we oçerklerde) degişli ugurlarda amala aşyrylýan giň gerimli işleriň düýp mazmuny we ähmiýeti açylyp görkezilmelidir. Şol sanda ýurdumyzda sekiz we şondan köp çagany dünýä inderip, terbiýeläp ýetişdirýän enelere hormatly adyň dakylýandygy, köp çagaly maşgalalara döwlet tarapyndan berilýän goldaw-hemaýatlar anyk mysallar arkaly beýan edilmelidir.
Makalalardyr oçerkler döwlet we jemgyýetçilik durmuşynda netijeli, yhlasly zähmeti bilen ýaşlara görelde bolýan, köp ýyllaryň dowamynda ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşup gelýän döwürdeş zenanlarymyza, uzak ýaşly enelere, milli sungatymyzy, çeper el işlerini ýaşlara öwretmekde tapawutlanýan zenanlara bagyşlanmalydyr.
Bäsleşige gatnaşyjylar hödürleýän işlerini «Zenan — Zeminiň zynaty» atly döredijilik bäsleşigine» diýen ýazgy bilen «Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasyna (Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Erkin döredijilik mekany) ýa-da elektron salgysyna (turkmenistan_gazeti@sanly.tm) ýollap bilerler.
Awtorlar redaksiýa ugradýan eserlerine özleri baradaky maglumatlary (işleýän ýa-da ýaşaýan ýeriniň salgysy, telefon belgisi) hem goşmalydyrlar. Bäsleşige gatnaşýanlar ýaş tapawudy ýa-da işleriniň sany boýunça çäklendirilmeýär.
Bäsleşige hödürlenilýän işler we awtor baradaky maglumatlar bildiriş gazetde çap edilen gününden başlap, şu ýylyň 1-nji martyna çenli guramaçylyk topary tarapyndan hasaba alnar.
Bäsleşik Halkara Zenanlar güni mynasybetli jemlener. Ýeňijilere «Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasy, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi hem-de Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi tarapyndan Diplomlar we gymmat bahaly sowgatlar, tapawutlanan eserleriň awtorlaryna bolsa höweslendiriji baýraklar gowşurylar.
Habarlaşmak üçin telefon belgisi: 39-95-94.


03.06.2026 18:04
2.1k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

03.06.2026 16:40
5.6k+

Türkmenistanda iň gowy mekdep, çagalar bagy we iň göreldeli mugallymlar saýlandy

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guralan bilim edaralarynyň we pedagogik işgärleriň arasynda yzygiderli geçirilýän döwlet bäsleşikleriniň jemleri jemlendi. Bu bäsleşikler ýurdumyzyň ähli......

03.06.2026 15:43
7.6k+

Türkmenistanda tokaý hojalygy we temmäkä garşy göreş ulgamynda täze maksatnamalar tassyklandy

«Türkmenistanyň 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» hem-de «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnama», şeýle hem olary durmuşa geçirmek......

03.06.2026 15:12
3.9k+

Döwletliler köşgüniň çagalaryna welosipedler sowgat berildi

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli paýtagtymyzyň Döwletliler köşgüniň Gökderedäki «Çynar» çagalar dynç alyş merkezinde wagtyny şadyýan geçirýän çagalaryna dabaraly ýagdaýda welosipedler gowşuryldy. Bu......