Antonio Banderas we Denni Treho «Armadillo Ýunaýted» futbol dramasyna gatnaşar

  • 19.01.2026 22:55
  • 2.4k+

Troublemaker amerikan studiýasy «Armadillo Ýunaýted» sport filmini döretmäge girişdi diýip, Variety habar berýär.

Taslamada baş keşpleri aktýorlar Antonio Banderas («13-nji söweşiji», «Ýaşaýan derim») we Denni Treho («Gün ýaşandan daň atýança») ýerine ýetirer.
Sýužet Dante Delgado atly 12 ýaşly oglan barada gürrüň berer. Onuň öz toslanan futbol topary bolup, onuň bilen ýetginjekleriň arasynda geçirilýän dünýä çempionatyna gatnaşmak üçin Rio-de-Žaneýro ugraýar.
Banderas özüni meşhur argentinaly futbolçy Diego Maradona hasaplaýan we Dante möhüm futbol hem durmuşy sapaklary berýän doňdurma satyjysy Diegony oýnar. Treho bolsa «Armadillo Ýunaýtediň» esasy garşydaşlarynyň – «Çempionlar» toparynyň tälimçisi Kokonyň keşbini ýerine ýetirer.
Filmiň režissýory Alan Jeýkobs bolar. Ony düşürmek işleri 2026-njy ýylyň martynda Tehas amerikan ştatynda başlar.
Banderas bilen Treho üçin bu ilkinji hyzmatdaşlyk däl. Ozal olar «Içalylaryň çagalary» (Дети шпионов) trilogiýasyna, şeýle-de «Çykgynsyz» (Отчаянный) we «Maçete öldürýär» (Мачете убивает) filmlerine bilelikde gatnaşdy.


düýn 12:14
1.1k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......

düýn 09:33
7.5k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......

12.06.2026 15:47
10k+

Şakira, labubu we astekler: DÇ-2026-nyň açylyş dabarasy nähili geçdi (FOTO)

Meksikanyň paýtagtyndaky «Asteka» stadionynda futbol boýunça dünýä çempionatynyň açylyş dabarasy boldy we ol ýaryşyň ilkinji resmi duşuşygynyň öňüsyrasynda guraldy. Bu uly şüweleň, esasan, iki bölege bölündi....

11.06.2026 23:54
1.5k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......