Taryhda iň şowsuz çykan smartfonlaryň sanawy düzüldi

  • 18.01.2026 15:41
  • 9.4k+

BGR portalynyň bilermenleri artykmaçlyklary bilen däl-de, howpludygy, tehniki ýalňyşlyklar ýa-da şowsuz konsepsiýalar sebäpli uzak wagtlap ýatda galan smartfonlaryň sanawyny düzdi.

Iň ýaramaz smartfonlaryň sanawyna 13 model girdi. Olaryň arasynda Samsung Galaxy Note 7 (2016) we BlackBerry Storm (2008) hem bar. Birinji smartfonyň batareýasy duýdansyz partlaýardy we ýanýardy, bu hem onuň öndüriji tarapyndan yzyna ýygnalmagyna getirdi. Bu smartfonlary hatda uçaryň bortuna-da almak gadagan edildi.
BlackBerry Storm, öz gezeginde, kompaniýanyň ilkinji sensor smartfony boldy, ýöne ol haýal işleýärdi we Wi-Fi ýokdy.
Antireýtingdäki ýene bir smartfon Nokia Lumia 900 (2012) alyjylary çäkli programmalar toplumy we OS goldawynyň tiz wagtdan bes edilmegi bilen lapykeç etdi.
Iň ýaramaz smartfonlaryň sanawynda şular hem bar:

  • Samsung Galaxy Fold (2019) şarnir gurluşynyň gowşaklygy sebäpli döwülýärdi;
  • Amazon Fire Phone (2014) şowsuz funksiýalar we programmalaryň ujypsyz toplumy bilen çykdy;
  • 3D ekranly HTC Evo 3D (2011) derrew gözüňi ýadadýardy we agyr işleýärdi;
  • Işlemeýän gologrammaly we ýokary bahaly RED Hydrogen One (2018);
  • Meseleli goşa ekrany bolan Kyocera Echo (2011);
  • Web3 tehnologiýasyny wada beren, ýöne tamany ödemedik Solana Saga (2023);
  • Doly derejeli smartfon hökmünde ulanyp bolmadyk kiçijik Palm Phone (2018);
  • Korpusy jübüde aňsatlyk bilen egrelýän iPhone 6 (2014);
  • Bahasyny ödemedik iPhone 16e (2025);
  • Ulanyjylaryň köpüsi üçin gerekmez bolan Facebook Home interfeýsli HTC First (2013).

12.05.2026 14:43
7.2k+

Dua Lipa öz suratynyň TW gutularynda ulanylandygy üçin Samsung-dan $15 mln talap etdi

Aýdymçy Dua Lipa Samsung kompaniýasynyň üstünden kazyýete şikaýat edip, öz suratynyň rugsatsyz telewizor gutularynda ulanylandygy üçin azyndan 15 million dollar möçberinde öwez tölegini talap etdi....

07.05.2026 21:13
2.9k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......