Samsung ähli ulanyjylary üçin Windows brauzeriniň beta wersiýasyny açýar

  • 18.01.2026 23:38
  • 2.5k+

Samsung ähli Windows ulanyjylary üçin Samsung Internet brauzeriniň beta wersiýasyny açdy. Mundan ozal bu mümkinçiligi ulanmaga diňe Günorta Koreýanyň we ABŞ-nyň Samsung işläp düzüji hasaby bolan ýaşaýjylary synanyşyp bilýärdiler.

Kompaniýa brauzeri kompýuterler üçin 2025-nji ýylyň oktýabr aýynda çykardy. Beta wersiýany indi sebit çäklendirmeleri bolmazdan göçürip alyp bolýar.
Windows üçin Samsung Internet Chromium hereketlendirijisinde guruldy. Brauzer brauzer taryhynyň, belgileriň we beýleki maglumatlaryň Samsung Internet-iň Android mobil wersiýasy bilen sinhronlaşmasyny goldaýar.
Programmada içerki reklama bloklaýjy we web sahypalary has çalt ygtyýarlandyrmaga mümkinçilik berýän Samsung Pass bilen integrasiýa bar. Mundan başga-da, brauzerde web sahypalaryny jemlemek we terjime etmek üçin Galaxy AI-daky funksiýalar bar.


11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...