JerryRigEverything YouTube kanalynyň awtory, bloger Zak Nelson Xiaomi Redmi Note 15 Pro+ smartfonynyň berkligini barlamak üçin, ony ýowuz synaglardan geçirdi.
Smartfonyň korpusynyň daşky elementleri plastikden, ýöne düwmeler metaldan ýasaldy. Korpus aýna süýümden bolup, sypjyryklaryň öňünde ejiz gelse-de, ýere gaçanda mehaniki zeperlere garşy ýokary durnuklylygy görkezýär. Zak aýna süýümiň aýna bilen deňeşdirilende has berk we durnuklydygyny belleýär.
Zak synaglaryň dowamynda smartfony çyzyp gördi, ýüzüne ot tutdy hem-de egreltme synagyndan geçirdi. Smartfon düýpli zeper almazdan bu kynçylyklardan geçip bildi.
Barmak yzynyň optiki skaneri hatda smartfonyň ýüzüne düýpli zeper ýetenden soň, mysal üçin, Gorilla Glass Victus 2 aýnasynyň ýokarky gatlagy gowy çyzylandan soň hem dogry işlemegini dowam etdirdi.
Bloger smartfony söküp, içki gurluşyny-da görkezdi. Ol ýerde suwdan goraýan ýörite rezin elementler hem bar.
Yzky gapagyň aşagynda iki doly derejeli kamera moduly ýerleşýär. Esasy kamera uly sensory bilen tapawutlanýar – bu 1/1,4 dýuým optiki formatly 200 Mp datçikdir. Kamera modulynyň bezeg ýaly görünýän aşaky elementi iş ýüzünde lazer awtofokus datçiginiň ýerleşýän ýeri bolup çykdy.
Akkumulýator kynçylyksyz aýrylýar. Ol elde aňsatlyk bilen çekip bolýan ýelim lentalarynyň kömegi bilen berkidilipdir, bu bolsa smartfony sökme prosesini ýeňilleşdirýär.