Redmi Note 15 Pro+ smartfonynyň global wersiýasy 500 ýewro durýar, sargytlar gijräk açylar

  • 19.12.2025 15:11
  • 5.4k+

Ozal Hytaýda hödürlenen Redmi Note 15 Pro+ resmi taýdan halkara bazaryna çykdy. Ýöne satuw göni başlamaz: Ýewropada deslapky sargytlar 2026-njy ýylyň 5-nji ýanwarynda kabul edilip başlanar.

Smartfonyň 8 GB operatiw we 256 GB hemişelik ýatly wersiýasynyň bahasy 500 ýewro, 12/512 GB bolsa 550 ýewro barabar.
Halkara wersiýasy hytaý wersiýasyndan ep-esli tapawutlanýar. Esasy üýtgeşme kamera bilen baglanyşykly boldy: 50 Mp esasy sensoryň deregine 200 Mp Samsung datçigi ulanylýar. Teleobýektiwli modul ýok, ýöne 8 Mp ultra giňburçly kamera saklanyp galdy. Şeýle-de, 32 Mp frontal kamera bar.
Global wersiýada 100 Wt çalt zarýady we 22,5 Wt ters zarýady goldaýan 6500 mA/sag sygymly akkumulýator oturdyldy. Hytaý wersiýasy 7000 mA/sag batareýa we 90 Wt zarýad alyş bilen üpjün edildi. Şeýle-de, halkara model ýogynrak boldy.
Smartfon täzelenme ýygylygy 120 Gs we iň ýokary ýagtylygy 3200 kd/kw.m bolan 6,83 dýuýmlyk AMOLED ekranyna eýe boldy. Durulyk 2772×1280 piksele barabar. Ekran Corning Gorilla Glass Victus 2 aýnasy bilen goralýar.
Smartfon Snapdragon 7s Gen 4 çipsetine esaslanýar. NFC, ekranasty barmak skaneri, Dolby Atmos tehnologiýasy bilen stereodinamikler, eSIM goldawy we IP69K ülňüsi boýunça gorag bar.
Modeliň esasy aýratynlygy Xiaomi Offline Communication (tor örtügi bolmazdan «kilometrlere» ses aragatnaşygy) we aragatnaşygyň (Wi-Fi, Bluetooth, GPS we öýjükli ulgamlar) hilini gowulandyrmak üçin Xiaomi Surge T1S Tuner moduly boldy.
Şol bir wagtyň özünde, 2026-njy ýylyň ýanwarynda çykjak Poco M8 we Poco M8 Pro modelleriniň Redmi Note 15 we Note 15 Pro+ smartfonlarynyň dizaýn we häsiýetnama üýtgeşmeleri bilen ady çalşylan wersiýalarydygy belli boldy. 


18.01.2026 10:31
5.8k+

Redmi Note 15 Pro+ synaglara döz gelip, köp flagmanlardan berkdigini görkezdi

JerryRigEverything YouTube kanalynyň awtory, bloger Zak Nelson Xiaomi Redmi Note 15 Pro+ smartfonynyň berkligini barlamak üçin, ony ýowuz synaglardan geçirdi. Smartfonyň korpusynyň daşky elementleri plastikden, ýöne düwmeler metaldan ýasaldy...

10.01.2026 10:30
2.9k+

Xiaomi täze Redmi Note 15-iň berkligini göni ýaýlymda synagdan geçirer

Xiaomi kompaniýasy Redmi Note 15 smartfonynyň berkligini subut etmek üçin ony göni ýaýlymda ýörite synaglara sezewar eder. «Titan tough» (Titan berkligi) şygary astynda geçiriljek bu täsin görkeziliş 10-njy ýanwarda Aşgabat wagty bilen sagat 13:00-da X (ozalky Twitter) sosial torunda başlanar...

17.12.2025 11:06
4k+

Xiaomi 2026-njy ýylda onlarça meşhur smartfon modelini goldamagy bes eder

Xiaomi kompaniýasy 2022–2023-nji ýyllarda çykarylan köp sanly meşhur smartfon modelleri üçin howpsuzlyk täzelenmelerini bermegi bes etmegi meýilleşdirýär. Olaryň goldawy 2026-njy ýylda doly tamamlanar. End of Life (EOL), ýagny hyzmat möwritiniň tamamlanmagy statusy, hususan-da, aşakdaky enjamlara berler: Xiaomi: Xiaomi 12, 12 Pro, 12X, 12 Lite, Xiaomi 12T we 12T Pro...

16.12.2025 09:38
4k+

Xiaomi uly tanyşdyryş taýýarlaýar: Xiaomi 17 Ultra, Redmi Turbo 5 we beýleki enjamlar görkeziler

26-njy dekabrda Xiaomi kompaniýasy “Xiaomi 17 Ultra” flagman smartfonyny we başga-da birnäçe täze önümleri görkezmek üçin uly tanyşdyryş çäresini geçirmegi meýilleşdirýär. Bu barada insaýder Digital Chat Station habar berdi...