Xiaomi täze Redmi Note 15-iň berkligini göni ýaýlymda synagdan geçirer

  • 10.01.2026 10:30
  • 3k+

Xiaomi kompaniýasy Redmi Note 15 smartfonynyň berkligini subut etmek üçin ony göni ýaýlymda ýörite synaglara sezewar eder. «Titan tough» (Titan berkligi) şygary astynda geçiriljek bu täsin görkeziliş 10-njy ýanwarda Aşgabat wagty bilen sagat 13:00-da X (ozalky Twitter) sosial torunda başlanar.

Göni ýaýlym ýöriteleşdirilen «Titan Lab» barlaghanasyndan alnyp görkeziler.
Smartfon "maýatnik" (pendulum) enjamynyň kömegi bilen dürli burçlar astynda aşak taşlanar. Bu usul enjamyň diňe bir dikligine däl, eýsem has çylşyrymly ýagdaýlarda ýere gaçandaky durnuklylygyny barlamaga mümkinçilik berýär.
Kompaniýa başga haýsy "agyr" synaglaryň garaşýandygyny öňünden mälim etmedi.
Xiaomi-niň resmi saýtyndaky maglumatlara görä, täze model Redmi Titan atly ýokary berklikdäki konstruksiýa esasynda gurlupdyr.
Model eýýäm SGS Premium Performance sertifikatyny almagy başardy. Bu bolsa smartfonyň 2,5 metr belentlikden gaçanda hem durnuklylygyny saklaýandygyny tassyklaýar.
Redmi Note 15-iň tehniki häsiýetnamasynda suwdan we tozandan goranmagyň iň ýokary görkezijileri bolan IP66, IP68, IP69 we IP69K standartlary görkezilen.


düýn 01:33
3.1k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar...

14.02.2026 18:43
1.4k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.2k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...