Xiaomi 2026-njy ýylda onlarça meşhur smartfon modelini goldamagy bes eder

  • 17.12.2025 11:06
  • 4k+

Xiaomi kompaniýasy 2022–2023-nji ýyllarda çykarylan köp sanly meşhur smartfon modelleri üçin howpsuzlyk täzelenmelerini bermegi bes etmegi meýilleşdirýär. Olaryň goldawy 2026-njy ýylda doly tamamlanar.
End of Life (EOL), ýagny hyzmat möwritiniň tamamlanmagy statusy, hususan-da, aşakdaky enjamlara berler:

  • Xiaomi: Xiaomi 12, 12 Pro, 12X, 12 Lite, Xiaomi 12T we 12T Pro.
  • Redmi: Redmi Note 12 Pro+/Pro 5G, şeýle hem Redmi Note 12-niň 4G we 5G wersiýalary.
  • Poco: Poco F5, X5 Pro 5G we X5 5G.

Görkezilen smartfonlaryň programma üpjünçiligi Android 15 hem-de HyperOS 2 ýa-da HyperOS 3 wersiýalary bilen çäklener.
Howpsuzlyk patçlarynyň çykarylmagynyň bes edilmegi ulanyjylar üçin örän möhümdir, sebäbi bu ýagdaýda enjamlar kiberhowplara garşy ejiz bolýar. Şeýle-de, wagtly-wagtyna täzelenme bolmasa, bank we korporatiw programmalary ulanmakda çäklendirmeler ýüze çykyp biler. Bu ýagdaý Xiaomi-niň öňki syýasaty bilen düşündirilýär: ol syýasata görä, Android-iň iki-üç wersiýasy we dört ýyllyk howpsuzlyk täzelenmeleri göz öňünde tutulypdy.


14.02.2026 18:43
1.3k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.2k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...

18.01.2026 10:31
6k+

Redmi Note 15 Pro+ synaglara döz gelip, köp flagmanlardan berkdigini görkezdi

JerryRigEverything YouTube kanalynyň awtory, bloger Zak Nelson Xiaomi Redmi Note 15 Pro+ smartfonynyň berkligini barlamak üçin, ony ýowuz synaglardan geçirdi. Smartfonyň korpusynyň daşky elementleri plastikden, ýöne düwmeler metaldan ýasaldy...