Xiaomi uly tanyşdyryş taýýarlaýar: Xiaomi 17 Ultra, Redmi Turbo 5 we beýleki enjamlar görkeziler

  • 16.12.2025 09:38
  • 4k+

26-njy dekabrda Xiaomi kompaniýasy “Xiaomi 17 Ultra” flagman smartfonyny we başga-da birnäçe täze önümleri görkezmek üçin uly tanyşdyryş çäresini geçirmegi meýilleşdirýär. Bu barada insaýder Digital Chat Station habar berdi.

Syzdyrylan maglumatlara görä, “Xiaomi 17 Ultra” smartfony Snapdragon 8 Elite Gen 5 çipseti bilen enjamlaşdyrylar.
Şol gün, degişlilikde, Dimensity 8 we Dimensity 9 platformalarynda döredilen Redmi Turbo 5 we Redmi Turbo 5 Pro smartfonlarynyň hem yglan edilmegine garaşylýar. Deslapky maglumatlara görä, esasy wersiýasy 7500 мАh (mAs) kuwwatly batareýa, has öňdebaryjy Pro wersiýasy bolsa 9000 мАh (mAs) batareýa we 100 Wt (wattlyk) zarýad beriş goldawy bilen üpjün ediler.
Beýleki bildirişleriň arasynda eSIM-i goldaýan we 930 мАh (mAs) batareýaly akylly sagadyň täze flagman modeli, şeýle hem bir planşet we iki sany nauşnik modeli bar.
Mundan öň Hytaýda “Xiaomi 17 Ultra” üçin “kör” öňünden sargytlar açylypdy. Tassyklanmadyk habarlara görä, täze modeliň Hytaýdaky bahasy öňki nesliň derejesinde galmagy mümkin. Enjamlaryň dünýä bazaryna çykarylmagynyň bahasy we senesi barada entek maglumat ýok.


14.02.2026 18:43
1.3k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.2k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...

18.01.2026 10:31
6k+

Redmi Note 15 Pro+ synaglara döz gelip, köp flagmanlardan berkdigini görkezdi

JerryRigEverything YouTube kanalynyň awtory, bloger Zak Nelson Xiaomi Redmi Note 15 Pro+ smartfonynyň berkligini barlamak üçin, ony ýowuz synaglardan geçirdi. Smartfonyň korpusynyň daşky elementleri plastikden, ýöne düwmeler metaldan ýasaldy...