Dewid Finçer «Kliff Butuň başdan geçirmeleri» filminiň surata düşürilişini tamamlady

  • 18.01.2026 23:11
  • 2.3k+

Kino muşdaklarynyň sabyrsyzlyk bilen garaşýan «Kliff Butuň başdan geçirmeleri» (The Adventures of Cliff Booth) filminiň surata düşüriliş işleri resmi taýdan tamamlandy. Kwentin Tarantinonyň «Bir gezek... Golliwudda» filminiň dowamy bolan bu täze taslama şu ýylyň tomsunda Netflix platformasynda tomaşaçylara hödürlener.

Bu gezek meşhur Dewid Finçer režissýorlyk kürsüsinde oturdy. Kwentin Tarantino bu taslamada diňe edebi esasy (ssenarini) ýazmak bilen çäklendi.
Kaskadýor Kliff Butuň keşbini ýene-de Bred Pitt janlandyrdy. Ýatladyp geçsek, Pitt asyl filmdäki şu keşbi üçin «Oskar» baýragyna mynasyp bolupdy.
Täze filmiň ýordum jikme-jiklikleri gizlin saklanýar. Diňe wakalaryň «Bir gzek... Golliwudda» filminden birnäçe ýyl soň bolup geçýändigi we Kliff Butuň ýene-de wakalaryň merkezinde boljakdygy mälimdir.
Filmde beýleki esasy keşpleri Elizabet Debiki, Skott Kaan, Ýahýa Abdul-Matin II, Karla Gujino janlandyrýarlar.
Filmiň anyk görkeziljek senesi Netflix tarapyndan ýakynda yglan ediler.


düýn 23:58
943

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

düýn 21:03
10k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....

25.06.2026 08:26
6k+

Futboldan aktýorlyga: Dewid Bekhemiň ogly ilkinji gezek kinoda oýnar

Dewid bilen Wiktoriýa Bekhemiň ogly Romeo Bekhem «Hasap 40:0» (asyl ady — Forty Love) atly romantik filmde rol aldy diýip, «Variety» neşiri habar berýär. Bu onuň kinoda ilkinji gezek çykyş etmegi bolar....