«Pitt hassahanasy» serialynyň 2-nji möwsümi rekord görkezijiler bilen başlady: 5,4 mln tomaşaçy

  • 18.01.2026 19:55
  • 3.3k+

«Pitt hassahanasy» (Pitt Hospital) serialynyň ikinji möwsümi ABŞ-da uly gyzyklanma bilen garşylandy. Täze möwsümiň ilkinji bölümini 5,4 million tomaşaçy gördi, bu bolsa birinji möwsümiň başlangyç görkezijisinden 200% ýokarydyr. Variety žurnalynyň habar bermegine görä, bir hepdeden soň tomaşaçylaryň sany 7,2 milliona ýetdi.

Taslamanyň üstünliginiň syry: Hünärmenler seriala bolan islegiň çürt-kesik artmagyny onuň abraýly baýraklara mynasyp bolmagy bilen baglanyşdyrýarlar. Häzirki wagta çenli taslama 2 gezek «Altyn globus» (Golden Globe) we 4 gezek «Emmi» (Emmy) baýraklaryna mynasyp boldy.
Serial Pittsburg şäherindäki gaýragoýulmasyz lukmançylyk kömegi (ER) bölüminde işleýän hünärmenleriň durmuşyndan söhbet açýar. Taslamanyň özboluşlylygy — her bir bölüm lukmanlaryň iş gününiň takyk bir sagadyny hakyky wagt tertibinde (real-time) suratlandyrýar.
Täze möwsümde nämelere garaşylýar? Ikinji möwsümiň wakalary ABŞ-nyň Garaşsyzlyk gününde (4-nji iýulda) bolup geçýär. Bellesek, berlen statistika diňe ABŞ-nyň çäklerine degişli bolup, HBO Max platformasynyň elýeterli bolan beýleki ýurtlaryndaky tomaşaçy sanyny öz içine almaýar.


düýn 12:14
1.1k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......

11.06.2026 23:54
1.5k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.4k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

09.06.2026 12:24
1.2k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....