Airbus gumanoid robotlaryny awiagurluşykda ulanmak mümkinçiligini öwrenýär

  • 22.01.2026 12:22
  • 2.5k+

Airbus kompaniýasy gumanoid robotlary awiagurluşykda ulanmak mümkinçiligini öwrenip başlady. Munuň üçin korporasiýa Hytaýyň UBTech Robotics kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen Walker S2 robotyny satyn aldy diýip, South China Morning Post gazeti habar berdi.

Geljekde UBTech robotlary awiagurluşyk korporasiýasynyň kärhanalarynda ornaşdyrylyp bilner.
Walker S2 roboty 2025-nji ýylyň iýul aýynda hödürlendi. Onuň boýy, takmynan, 1,76 metre barabar. Ol köpugurly manipulýatorlar we maşyn görüş ulgamy bilen üpjün edildi, bu hem oňa giňişlikde adam ýaly hereket etmäge we ugur kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Robot 15 kg çenli agramdaky predmetleri göterip bilýär.
Şeýle-de, robot Co-Agent emeli aň ulgamy bilen enjamlaşdyryldy we özbaşdak akkumulýatoryny çalşyp bilýän we günüň dowamynda üznüksiz işleýän dünýäde ilkinji gumanoid roboty boldy.
Çeşmäniň belleýşi baly, ozal bu modeli BYD awtoöndürijisi we Foxconn elektronika öndürijisi satyn alypdy. Texas Instruments amerikan kompaniýasy hem bu robotlary synagdan geçirdi. Neşir UBTech-iň robotlarynyň işjeň ornaşdyrylmagynyň Hytaýyň adam şekilli robototehnika ugrunda öňdebaryjy orny eýelemäge ymtylýandygyny görkezýär.  


12.04.2025 17:50
4.9k+

Emeli hemralar Starship-iň Floridadaky ilkinji uçuş meýdançasynyň gurluşygyny surata aldy

Airbus kompaniýasynyň emeli hemralary täze düşürilen suratlary paýlaşdy. Şol suratlarda Ilon Maskyň SpaceX kompaniýasyna degişli Starship transport ulgamy üçin gurulýan uçuş meýdançasynyň gurluşygy hem görünýär...

27.03.2025 14:19
3.9k+

Boeing bilen Airbus uçarlaryny ýeňletmek üçin önümçilikde kompozitlere geçýär

Boeing we Airbus ýaly iri uçar öndürijileri howa gämileriniň önümçiligine çemeleşmäni üýtgedip, alýuminden ýüz öwürmegi we kompozit  materiallary ulanmagy maksat edinýär. Bu barada Interesting Engineering portaly...

15.11.2023 11:08
14k+

Turkish Airlines 355 sany Airbus uçaryny satyn alar

Airbus konserni bilen Turkish Airlines milli howa gatnadyjysy 355 sany uçar bilen üpjün etmek üçin köp milliard dollarlyk şertnama baglaşdy. Çap edilen jikme-jikliklere görä, Turkish Airlines 345 uçar sargyt eder:...

şu gün 04:24
437

Bred Pittiň gatnaşmagyndaky «F1» filminiň dowamy boljagy tassyklanyldy

Bred Pittiň baş keşbi janlandyran «F1» filminiň sikweli resmi taýdan taýýarlanylyp başlandy. Bu barada blokbasteriň prodýuseri Jerri Brukhaýmer Oskar baýragynyň gowşurylyş dabarasy mynasybetli agşam naharynyň  dowamynda BBC gullugyna beren interwýusynda tassyklady we «Biz filmiň dowamynyň üstünde işleýäris» diýip, aýratyn belledi...