Boeing bilen Airbus uçarlaryny ýeňletmek üçin önümçilikde kompozitlere geçýär

  • 27.03.2025 14:19
  • 4k+

Boeing we Airbus ýaly iri uçar öndürijileri howa gämileriniň önümçiligine çemeleşmäni üýtgedip, alýuminden ýüz öwürmegi we kompozit  materiallary ulanmagy maksat edinýär. Bu barada Interesting Engineering portaly habar berýär.

Täze modelleriň bölekleri awtomatlaşdyrylan modullaryň kömegi bilen ýygnalar. Bu önümçiligi çaltlaşdyrar we uçaryň agramyny ýeňleder.
Öndürijileriň çaklamalaryna görä, şeýle üýtgeşmeler uçarlaryň täze nesliniň  önümçiliginiň aýda 100 uçara çenli artmagyny üpjün eder. Bu görkeziji häzirki önümçilik mukdaryndan iki esse artdyrar.
Kompaniýalar täze tehnologiýalara we materiallara geçilmegi Hytaýyň ösýän awiasiýa pudagynyň fonunda bäsdeşlik artykmaçlygyny üpjün eder diýip umyt edýärler.


23.05.2026 16:15
8.3k+

AF447 gatnawynyň heläkçiliginde Airbus we Air France günäkär hasaplandy

Parižiň Şikaýat kazyýeti 2009-njy ýylda Atlantik ummanynyň üstünde AF447 gatnawynyň heläkçilige uçramagy bilen baglylykda Airbus awiaöndürijisini we Air France awiakompaniýasyny tötänden adam öldürmekde......

10.05.2026 13:00
12k+

2022-nji ýylda Hytaýda Boeing 737 uçarynyň heläkçilige uçramagynyň sebäbi belli boldy

ABŞ-nyň Ulag howpsuzlygy boýunça milli geňeşi (NTSB) 2022-nji ýylyň 21-nji martynda heläkçilige uçran China Eastern Airlines awiakompaniýasynyň Boeing 737-800 uçarynyň bort ýazgy ediji enjamynyň (gara......

09.04.2026 20:31
5.5k+

Boeing dikuçarynyň turbina hereketlendirijisi oturdylan Chevrolet Camaro auksionda satylýar

«Bring a Trailer» onlaýn-auksionynda Turbinaro diýlip atlandyrylýan üýtgeşik awtoulag satuwa çykaryldy. Bu aslynda 2010-njy ýylyň Chevrolet Camaro modeli bolup, oňa Boeing T50 kysymly dikuçar......

22.01.2026 12:22
2.6k+

Airbus gumanoid robotlaryny awiagurluşykda ulanmak mümkinçiligini öwrenýär

Airbus kompaniýasy gumanoid robotlary awiagurluşykda ulanmak mümkinçiligini öwrenip başlady. Munuň üçin korporasiýa Hytaýyň UBTech Robotics kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen Walker S2 robotyny satyn aldy diýip, South China Morning Post gazeti habar berdi...