Emeli hemralar Starship-iň Floridadaky ilkinji uçuş meýdançasynyň gurluşygyny surata aldy

  • 12.04.2025 17:50
  • 5k+

Airbus kompaniýasynyň emeli hemralary täze düşürilen suratlary paýlaşdy. Şol suratlarda Ilon Maskyň SpaceX kompaniýasyna degişli Starship transport ulgamy üçin gurulýan uçuş meýdançasynyň gurluşygy hem görünýär.

Bu desga Florida ştatyndaky Kennedi kosmos merkeziniň çäginde ýerleşýär we LC-39A diýlip atlandyrylýar. SpaceX bu meýdançadan Starship üçin ilkinji uçurylyşy 2025-nji ýylyň ahyryna çenli geçirmegi meýilleşdirýär.
Uçuş diňiniň gurluşygy tamamlandy. Häzir wagtda işçiler uçurylyş wagtynda çykýan alawy ugrukdyrmak üçin garym (tranşeýa) gazmak bilen meşgullanýarlar.


düýn 22:53
1.8k+

DÇ-2026-nyň topy kosmosa-da baryp ýetdi

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň resmi topy bolan Adidas Trionda Halkara kosmos stansiýasyna (HKS) iberildi....

düýn 00:57
4.6k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

21.06.2026 23:59
1.7k+

NASA «Relativity Space» kompaniýasy bilen Mars missiýasy boýunça şertnama baglaşdy

NASA «Relativity Space» hususy kompaniýasy bilen Marsyň atmosferasyny öwrenmek üçin «Aeolus» missiýasyny işläp düzmek we uçurmak boýunça şertnama baglaşdy. Taslama üstünlikli durmuşa geçirilse, ol hususy......

19.06.2026 19:53
2.3k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......