Turkish Airlines 355 sany Airbus uçaryny satyn alar

  • 15.11.2023 11:08
  • 14k+

Airbus konserni bilen Turkish Airlines milli howa gatnadyjysy 355 sany uçar bilen üpjün etmek üçin köp milliard dollarlyk şertnama baglaşdy.

Çap edilen jikme-jikliklere görä, Turkish Airlines 345 uçar sargyt eder:

  • 250 sany A321neo uçaryny;
  • 75 sany A350-900 uçaryny;
  • 15 sany A350-1000 uçaryny;
  • 5 sany A350F ýük uçaryny.

Bu sargyt 10 sany A350-900 uçaryny ibermek baradaky öňki ylalaşygyň üstüni ýetirer. Şeýlelikde, umumy sargyt edileni 355 uçara ýetdi.
Bu şertnama awiakompaniýanyň 600 uçar sargyt etmegi maksat edinýän türk awiagatnawlarynyň ösüş strategiýasynyň bir bölegidir. Boeing hem ep-eslije sargyt alar.
Mundan başga-da, Rolls-Royce motor öndürijisiniň we Turkish Airlines-yň ýokary derejeli ýolbaşçylary Airbus A350 uçarlarynyň hereketlendirijilerine tehniki hyzmat etmek we olary ätiýaçlyk hereketlendirijiler bilen üpjün etmek meselesi boýunça Stambulda duşuşdylar. 


01.06.2026 20:16
6.5k+

Kanýe West Stambuldaky stadiona 118 000 tomaşaçyny ýygnap, rekord goýdy

Amerikaly reper Kanýe West ilkinji gezek Stambulda konsert berip, Atatürk adyndaky Olimpiýa stadionyna takmynan 118 000 tomaşaçyny ýygnady. Anadolu agentliginiň habar bermegine görä, bu stadion konserti üçin......

26.05.2026 12:36
3.1k+

“Galkynyş” topary Türkiýede geçirilen medeniýet festiwalyna gatnaşdy

Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde Bütindünýä Etnosport Konfederasiýasy tarapyndan guralan 8-nji Halkara etnosport medeniýet festiwaly geçirildi. Dünýäniň 24 ýurdundan müňden gowrak wekiliň......

23.05.2026 16:15
8.4k+

AF447 gatnawynyň heläkçiliginde Airbus we Air France günäkär hasaplandy

Parižiň Şikaýat kazyýeti 2009-njy ýylda Atlantik ummanynyň üstünde AF447 gatnawynyň heläkçilige uçramagy bilen baglylykda Airbus awiaöndürijisini we Air France awiakompaniýasyny tötänden adam öldürmekde......

13.05.2026 23:26
5.2k+

Türkiýede Afina Palladanyň iki metrlik heýkeli tapyldy

Türkiýäniň günorta-günbataryndaky gadymy Laodikeýa şäherinde alnyp barlan arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda gadymy grek hudaýy Afinanyň iki metrlik mermer heýkeli tapyldy....